Hytaýda satylan ulaglaryň 27 göterimi elektrikli

Hytaýda maý aýynda satylan elektroulaglaryň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 48 göterim artypdyr. Şeýlelikde, satylan awtoulaglaryň 27 göterimini elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar emele getirdi.

Hytaýyň awtoulag öndürijiler bileleşiginiň maglumatyna görä, dünýäniň iň uly awtoulag bazary bolan ýurtda elektroulag satuwy 2023-nji ýylyň maý aýynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 28,6 artyp, 1,76 milliona ýetipdir.

Geçen aý ýurtda jemi 480 müň elektroulag satylypdyr. Ýurtda iň köp satylan elektroulag BYD kompaniýasyna degişli bolupdyr. Kompaniýa 239 müňden gowrak elektroulag satypdyr. Şanhaý şäherinde önümçilik desgasy bolan ABŞ-nyň “Tesla” kompaniýasy 77 müň 695 müň elektroulagy müşderilere ýetiripdir.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl dünýäde 10 milliondan gowrak elektroulag satylypdyr. Bu elektroulaglaryň üçden ikisi hytaýly müşderilere ýetirilipdir.

Ýene degişli makalalar

Elektroulagda Aziýa öňde
Hytaý dünýäde iň uly awtomobil eksportçysy boldy
“Tesla”-nyň arzan ulag çykarjakdygy baradaky habar hytaý kompaniýalarynyň gymmatyny azaltdy
Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Dünýäniň iň gymmat awtoulag kompaniýalarynyň sanawy neşir edildi