Hytaýyň Döwlet baştutany Russiýa bilen bagly beýanat berdi

Hytaýyň Döwlet baştutany Russiýa bilen bagly beýanat berdi

Hytaýyň habarlar agentligi Şinhuanyň berýän habaryna görä, Si Szinpin ýurduna sapar guran Russiýanyň Premýer ministri Mihail Mişustin bilen Pekinde duşuşyk geçirdi.

Si Szinpin duşuşykda Hytaýyň Russiýanyň halkynyň öz saýlan galkynyş ýoluny eýermegini goldaýandygyny belläp: "Hytaý-Russiýa gatnaşyklaryny dowam etdirmek we ösdürmek taraplaryň ikisiniň hem bähbidinedir we strategiki saýlawdyr" diýip nygtady.

Şu ýylyň başyndan bäri rus kärdeşi Wladimir Putin bilen iki gezek duşuşyk geçirendigini aýdan Si Szinpin, mundan başgada iki ýurduň hökümetler, kanun organlary, syýasy partiýalar we ýerli dolanşyklar derejesinde maslahatlar geçirip, pragmatik hyzmatdaşlyklaryny ösdürýändiklerini belledi.

Si Szinpin Hytaý bilen Russiýanyň 2023-nji ýyl üçin maksat edinen 200 milliard dollar söwda kuwwadyna 11 aýda ýetendigini aýdyp, munuň ykdysady gatnaşyklaryň durnuklylygyny we hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini görkezýändigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Time žurnaly aýdymçy Teýlor Swifti ýylyň adamy diýip yglan etdi
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
Si Szinpin Pekinde Olaf Şols bilen duşuşdy
Özbegistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara gatnaşyklar
Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryna mähirli gutlaglar