Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy Hytaýa wiza almagyň düzgünlerini çap etdi

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy Hytaýa wiza almagyň düzgünlerini çap etdi

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasy Hytaýa wiza almak üçin arza bermegiň düzgünlerini çap etdi.

Düzgünlere laýyklykda, dalaşgärlerden mazmuny ünsli okamak, degişli wiza kategoriýasyny tassyklamak, arza üçin zerur materiallary taýýarlamak we resminamalary tabşyrmak üçin ýazylmak haýyş edilýär.

Syýahatçylyk maksady bilen Hytaýa gidýän syýahatçylara (L görnüşli wiza) gezelenç meýilnamasy, myhmanhanada bron etmegi tassyklamak ýa-da Hytaýdaky guramalar ýa-da şahslar tarapyndan berlen çakylyk hatlary ýaly syýahat meýilnamasy materiallary gerek bolar.

Wiza almak üçin arza bermekde şu aşakdakylar hökmany suratda gerekdir:

1. Hakyky daşary ýurt biometrik pasportynyň asyl nusgasy (6 aýdan gowrak hereket ediş möhleti, wiza üçin, azyndan, 4 boş sahypasy bolan), şeýle hem raýatlyk pasportynyň asyl nusgasy hem-de pasportlaryň göçürmeleri.

2. Wiza almak üçin onlaýn anketanyň çap edilen we gol çekilen görnüşi, şeýle hem kabul edilmäge ýazylandygyny tassyklaýan resminamanyň çap edilen görnüşi.

3. Pasportdaky ýaly, ýakynda düşülen, gönüden alnan, reňkli (açyk fon), kelle başgap bilen örtülmedik ýagdaýda düşülen bir sany fotosurat.

4. Wizanyň degişli kategoriýasyna arza bermek üçin zerur materiallar.

Talap edilýän resminamalaryň doly sanawyny Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Hytaý Halk Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy Arçabil şaýolunyň 45-nji jaýynda ýerleşýär.

Hytaý we Türkmenistan iki awiakompaniýanyň göni uçuşlary bilen baglanyşýar. Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Pekine yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. Hytaýyň China Southern Airlines awiakompaniýasy hepdede bir gezek Urumçi (URC) - Aşgabat (ASB) - Urumçi (URC) ugry boýunça uçýar.

Hytaý daşary ýurtlulara syýahatçylyk wizasyny bermäge başlaýandygyny 2023-nji ýylyň mart aýynda mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

China Southern Airlines Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň sanyny köpeldýär
Türkmenistan daşary ýurtlar bilen ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar.
Daşary ýurtlaryň uçarlary Türkmenistanyň howa menzillerine 1,5 müňden gowrak tehniki gonuşlary amala aşyrdylar
Türkmen raýatlaryna türk wizasyny almak üçin goşmaça resminama gerek bolar
Türkmen raýaty türkiýä syýahat wizasyny almak üçin yzyna gaýtjagyny kepil geçmeli
Hytaý ýurda gelýän Türkmenistanyň raýatlaryna bildirilýän talaplary üýtgetdi