“Mosaic Visa” Türkiýäniň Türkmenistandaky täze wiza operatory bolar

“Mosaic Visa” Türkiýäniň Türkmenistandaky täze wiza operatory bolar

“Mosaic Visa” kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä wiza arzalarynyň kabul edilmegi boýunça resmi operator bolar. Kompaniýa ýurtda işini bes eden öňki wiza merkezi — “Gateway International” kompaniýasynyň ornuny tutar. Bu barada kompaniýa şenbe güni sosial ulgamlardaky resmi sahypalarynda habar berdi.

Wiza almak isleýän raýatlar resminamalary kompaniýanyň onlaýn portaly arkaly ýa-da wiza merkezine şahsy ýüz tutmak arkaly tabşyryp bilerler.

Şeýle-de, raýatlaryň ozal “Gateway International” arkaly tabşyran arzalary öz güýjünde galar we bellenilen tertipde serediler.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda wiza tertibi 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda girizildi. Şondan bäri “Gateway International” wiza merkezi Türkmenistanda öz işini dowam edip geldi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlary Türkiýä syýahatçylyk, iş, okuw, hyzmat, işewürlik, tranzit we beýleki görnüşdäki wizalary resmileşdirip bilerler.

Talap edilýän resminamalaryň sanawy soralýan wizanyň görnüşine bagly bolup, Türkiýäniň degişli edaralary tarapyndan kesgitlenýär.

“Mosaic Visa” Türkiýe Respublikasynyň konsullyk edaralary tarapyndan akkreditirlenen wiza arzalaryny gaýtadan işleýän resmi merkezdir.

“Mosaic Visa” Türkmenistanyň wiza merkezi ýakynda Aşgabat şäherinde açylar. Täze merkeziň salgysy: Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň 2127-nji köçesiniň (G.Kuliýew) 71-nji jaýy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda çagany mekdebe ýazdyrmak has kynlaşdy
Türk talyp wizasyny almak üçin haýsy resminamalaryň gerekdigi belli boldy
Türkmenistanda isleg bildirýän raýatlar sürüjilik okuwlaryna çagyrylýar, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýä talyplyk wizasyny almak üçin nähili resminamalary düzetmek gerek, Türkmenistanda 2022-nji ýylda näçe sany körpe 1-nji synpa okuwa gidýär
Türkmenistan iň arzan benzinli döwletleriň sanawynda ilkinji onluga girdi, DIM Russiýanyň Owganystandaky ilçihanasyndaky jenaýatçylykly heretlere nägilelik bildirdi, Türkiýä gitmek üçin wizalary resmileşdirmekde gerek bolan resminamalaryň sanawy
Toyota awtoulaglaryny yzyna ýygnany üçin 150 million dollar tölär
Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aşgabatdaky okuw sapagynyň dünýä rekordy hökmünde ykrar ediljekdigine ynanýar