Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary Sian Jarnamasyna gol çekdiler

Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary Sian Jarnamasyna gol çekdiler

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Merkezi Aziýa — Hytaý formatyndaky birinji sammit üstünlikli geçirildi.

Sammitiň gün tertibine girizilen meseleler ara alyp maslahatlaşylandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Watan habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa — Hytaý sammitiniň Sian Jarnamasy şu duşuşygyň möhüm netijesidir. Merkezi Aziýa — Hytaý formatynyň çäklerinde ylalaşmalaryň we başlangyçlaryň sanawynyň kabul edilmegi hem möhüm ädim boldy. Onda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gurallary we esaslary bellenildi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda alty döwletiň arasynda senagat, maýa goýum babatda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sanly söwda babatynda, infrastruktura we inžener gurluşyk, weterinariýa hem-de getirilende we alnyp gidilende ösümlikleriň karantini babatda tehniki hyzmatdaşlyk, işewürler geňeşini döretmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalar, şeýle hem Merkezi Aziýa — Hytaý formatynda gümrük edaralarynyň duşuşyklarynyň mehanizmini döretmek barada Düzgünnama bar.

Soňra HHR-iň Başlygy Si Szinpin, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlendi.

Ýene degişli makalalar

Haýsy ŞHG döwletleri türkmen gazyny satyn alýar?
Obalaryň ösüşini çaltlandyrmaga çagyrdy
Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýar
“Sinotrans” Hytaý bilen Gazagystany birikdirýän täze TIR ugruny işe girizdi
Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini 70 ýaş doglan güni bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini 70 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady