“Hyundai” “mobil ofisini” tanyşdyrdy

Dünýäniň öňdebaryjy awtoulag öndüriji kompaniýalarynyň bir bolan “Hyundai” “mobil ofisini” tanyşdyrdy.Dürli ugurlarda iş alyp barýan koreý brendiniň bu ofisi adatça işewürleriň ulanýan kiçi göwrümli uçarlarynyň awtobus görnüşidir. “Universe Mobile Office” atly döwrebap ulag kompaniýanyň “Universe” atly awtobusyndan öndürilipdir.

Tigriň üstündäki ofisleriň 10 orunlyk, 12 orunlyk, 13 oturgyçly (12+1) ýaly dürli görnüşleri bar. Şeýle hem “ýöreýän” ofisiň içinde “ýygnaklar zaly hem göz öňünde tutulypdyr.Diwarlarynda köp sanly ekranlar oturdylan awtobusyň giň aýnalary daş-töweregi has gowy görmäge mümkinçilik berýär.

Iş awtobusynyň tehniki aýratynlyklary adaty “Universe” bilen meňzeş bolup, kuwwaty 380 at güýjüne barabar dizel hereketlendiriji oturdylypdyr.Ulagyň häzirlikçe diňe Günorta Koreýada satuwa çykaryljakdygy mälim edildi.

Awtobusyň bahasy barada maglumat berilmedi. Bu awtobusyň edara-kärhanalaryň işgärleriniň iş saparlaryna gitmekde peýdalanylyp bilinjekdigi bellenilýär.

Merdan Batyrow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmen kibersportçylary PUBG Mobile, eFootball 24 hem-de Tekken 7 boýunça çempionlyk üçin bäsleşerler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Internet tizligi ýene-de peseldi, ilatyň 'nägileligi ýokarlanýar'
Türkmenistan kibersport boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşar
Monopoly GO mobil oýny her günde 5 million dollar gazanýar
Iň ýokary tizlikli internet tory guruldy