Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary

29-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi.

Işewür döwlet Baştutanymyza mähirli kabul edilendigi hem-de ikiçäk söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan hem-de durmuş-ykdysady ösüşde üstünlik gazanan ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz myhman bilen mähirli görşüp, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.Döwlet Baştutanymyz türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Biziň ýurtlarymyz syýasy-diplomatik ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan gatnaşyklara netijeli häsiýet mahsusdyr.Soňky döwürde, şeýle-de tutuşlygyna döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýän parlamentara dialog täze ösüşe eýe boldy.

Duşuşygyň dowamynda Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň biziň ýurdumyza şu gezekki saparynyň türkmen kärdeşleri bilen anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin oňyn mümkinçilik açjakdygyna ynam bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, iri koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda üstünlikli işleýändikleri, iri taslamalaryň, şol sanda gaz we himiýa senagatynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary bellenildi. Şunda mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk, täze ugurlara çykmak üçin uly kuwwatyň bardygy nygtaldy.

Munuň özi Türkmenistanda ykdysady, senagat ulgamynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalar, şeýle hem işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin döredilen mümkinçilikler bilen şertlendirilendir.

Himiýa senagaty hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.Bu pudagy ösdürmegiň milli strategiýasy ýerli çig malyň netijeli peýdalanylmagyna, içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan ýokary hilli önümleriň öndürilmegine gönükdirilendir. Şunda innowasion häsiýetli enjamlaryň netijeli peýdalanylmagyna, ekologiýa kadalaryň berk berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär.

Türkmenistan ylmyň we tehnikanyň ýokary gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýär. Şeýle hem maýa goýum işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Türkmenhimiýa döwlet konserni bilen Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd kompaniýasynyň arasynda bu ugurda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar üstünlikli hyzmatdaşlygyň oňyn mysaly hökmünde görkezildi.Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, fosfor, ammiak hem-de karbamid dökünlerini öndürmek boýunça taslamalary düzmek we olary gurmak boýunça koreý hyzmatdaşlarynyň tekliplerine garamaga taýýardygy bellenildi. Ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleri nazara almak bilen, koreý kompaniýalarynyň akylly şäherleri gurmak hem-de olary dolandyrmak, ýokary tehnologiýalary ulanmak boýunça toplan öňdebaryjy tejribesi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda gazananlary biziň ýurdumyzda uly gyzyklanma döredýär.

Mundan başga-da, Türkmenistan nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd kompaniýasynyň esaslandyryjysy we onuň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju ikitaraplaýyn özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygyň geljekde-de uzak möhletleýin esasda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna sapary tamamlandy
Türkmen wekiliýeti Koreýada birnäçe duşuşyklary geçirdi
Serdar Berdimuhamedow koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DAEWOO ENGINEERING & CONSTRUCTION CO., LTD KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Türkmenistanyň Prezidenti “Daewoo E&C” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy