Koreýa kompaniýasy Türkmenistanda Merkezi Aziýada ilkinji gök ammiak öndürýän zawody gurup biler

Koreýa kompaniýasy Türkmenistanda Merkezi Aziýada ilkinji gök ammiak öndürýän zawody gurup biler

Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy Türkmenistanda Merkezi Aziýada gök ammiak öndürýän ilkinji senagat desgasyny gurup biler. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-junyň Aşgabat şäherine eden soňky saparyndan soň kompaniýanyň metbugat beýanatynda habar berildi.

Hususan-da, Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd öz ugry boýunça Merkezi Aziýada ilkinji boljak Balkan welaýatynda ekologiýa taýdan arassa karbamid-ammiak dökün zawodyny gurmagy teklip etdi. Bu barada Newscentralasia ýazýar.

Zawodyň gurluşygy baradaky şertnama şu ýylyň ahyryna çenli gol çekilip, gurluşygyň indiki ýylyň ikinji ýarymynda başlanmagyna garaşylýar.

Koreý kompaniýasy Türkmenhimiýa döwlet konserni bilen bilelikde Türkmenistanda iki zawodyň gurluşygynyň üstünde işleýär.

Olaryň biri kuwwatlylygy ýylda 660 000 tonna ammiak we 1,15 million tonna karbamid öndürýän zawod bolup, ol Balkan welaýatynda ýerleşer. Mundan başga-da, Türkmenabatda kuwwaty 300 000 tonna bolan fosfat dökün zawodynyň taslamasy hem bar.

Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşandygy barada habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti “Daewoo E&C” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
Türkmen wekiliýeti Koreýada birnäçe duşuşyklary geçirdi
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna sapary tamamlandy
“AÇYK GAPYLAR” SYÝASATYNA EÝERIP
Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary
Türkmenistanyň Prezidenti Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi