HZG: Dünýäde işgärleriň 70 göterimi howanyň hapalanmagyndan ejir çekýär

HZG: Dünýäde işgärleriň 70 göterimi howanyň hapalanmagyndan ejir çekýär

Adamlara işde ünsüni sowýan ýa-da saglygyna täsir edýän ýagdaýlar bar, şol sanda bütun dünýäde işgärleriň 1,6 milliarddan gowragy (umumy sanyň 70 göterimi) howanyň hapalanmagyndan ejir çekýär. Bu barada Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) nutugynda aýdylýar diýip, MIR 24 ýazýar.

2020-nji ýylyň barlaglaryna laýyklykda, 2,4 milliarddan hem köp adam howanyň ýokary temperaturasy sebäpli, iş ýerinde özüni oňaýsyz duýýar. Bu görkeziji 2000-nji ýyldan bäri 65,5 göterimden 70,9 göterime çenli artdy. 2020-nji ýylda 26,2 million adam işindäki yssy howa temperaturasy sebäpli, ötüşen böwrek keselinden ejir çekdi.

Guramanyň zähmeti goramak şahamçasynyň başlygy Manal Azzi zähmet howpsuzlygyna hem-de arassaçylygyna aýratyn üns bermäge çagyrdy. Onuň sözlerine görä, howanyň üýtgemegi işgärleriň saglygyna güýçli täsir edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda telekeçileriň hukuklaryny goramak boýunça täze ugruň açylmagy maslahatlaşyldy
Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär
Türkmenistan we ABŞ özara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar
Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
BMG dünýäde 4 milliarddan gowrak adamyň sosial goraga eýe däldigini aýtdy
BMG: zeminiň ýaşaýjylarynyň ýarsyndan gowragy üçin durmuş goraglylygy elýeterli däl