I çärýekde dünýäde elektromobilleriň satuwy 75% ýokarlandy

I çärýekde dünýäde elektromobilleriň satuwy 75% ýokarlandy

2022-nji ýylyň I çärýeginde dünýäde elektromobilleriň satuwy 2021-nji ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 75% ýokary boldy. Bu döwürde 2 mln töweregi elektrokar satyldy diýip, Halkara energetika agentliginiň (HEA) synynda aýdylýar. Muny TASS ýetirýär.

Agentlik satuwyň ýokarlanmagynyň, esasan, pudagyň ösüşi üçin döwlet tarapyndan berilýän pul kömeginiň artmagy bilen baglanyşyklydygyny belleýär. 2021-nji ýylda maliýeleşdirmäniň mukdary 30 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde köp döwletler içerki ýangyç hereketlendirijilerinden ýüz öwürýändiklerini aýtdylar ýa-da geljek on ýylda transporty elektrikleşdirmek boýunça hususy meýilnamalaryny hödürlediler. 2021-nji ýylda 2015-nji ýyla garanyňda bäş esse köp elektromobil hödürlendi, bazarda olaryň umumy sany 450 modele ýetdi.

2021-nji ýylda elektrokarlaryň satuwynyň ösüşiniň, takmynan, 50%-i Hytaý tarapyndan üpjün edildi, 2022-nji ýylda-da bu tendensiýa saklanýar. Ýagny, şu ýylyň üç aýynda Hytaýda elektromobil satuwy iki esseden gowrak ýokarlandy, ABŞ-da bu görkeziji 60%, Ýewropada 25% boldy. Braziliýa, Hindistan we Indoneziýa ýaly ýurtlarda elektrokarlaryň paýyna ähli awtomobil satuwynyň bary-ýogy 0,5%-i düşýär.

HEA elektrik transport pudagynyň ösüşiniň üç ýagdaýyny hödürleýär.Görlen çäreleriň esasynda 2030-njy ýyla çenli dünýäde 200 mln elektromobil bolar, olaryň umumy awtomobil satuwynda paýy 20%-e ýeter.

Yglan edilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň esasynda 2030-njy ýyla çenli elektrik hereketlendirijili awtoulaglaryň sany 270 mln birlige, satuwdaky paýy 33%-e ýeter.Uglerod bitaraplygyny gazanmak boýunça meýilnamanyň durmuşa geçirilmeginiň esasynda 2030-njy ýyla çenli dünýäde 350 mln töweregi elektrokar bolup, olaryň paýy 60%-e ýeter.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Halkara Energetika Agentligi hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Russiýanyň kärhanalarynda iş ugurlary boýunça ýiti ýetmezçilik duýulýar
Coca-Cola alyjylary ýalňyşdyrmakda aýyplandy
Huawei-iň akylly sagatlary we gulaklyklary žurnalistleriň baýraklaryna eýe boldy
HUMANITARIAN COOPERATION IS ONE OF THE MOST IMPORTANT COMPONENTS OF THE POLICY OF NEUTRALITY OF TURKMENISTAN
KEY VECTORS OF ENERGY DIPLOMACY DISCUSSED DURING THE PLENARY SESSION IN THE INSTITUTE OF INTERNATIONAL RELATIONS OF MFA OF TURKMENISTAN