Içeri işler ministri terrora garşy göreş barada beýannama berdi

Içeri işler ministri terrora garşy göreş barada beýannama berdi

Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa 1-i narynç, 2-si çal kategoriýada gözlenýän jemi 3 terrorçynyň Diýarbakyryň Lije etrabynda täsirsiz ýagdaýa getirilendigini, 1 terrorçynyň bolsa Şyrnak welaýatynda tussag edilendigini habar berdi.

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sosial media hasabyndan beren beýanatynda şehitleriň ganynyň ýerde galmandygyny belläp, soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli terrora garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini mälim etdi.

Operasiýa barada maglumat beren Ali Ýerlikaýa, esgerleriň Diýarbakyr welaýatynyň Lije etrabynyň Kyýyköý obasynyň golaýynda terrorçylaryň gaçyş ýolunyň öňüne böwet bolup, sebiti gabap, geçiren operasiýalarynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýan etdi.

Ali Ýerlikaýa täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň "Bedran Hoja" adyny ulanýan Nazym Hikmet Ülgeniň "Terrordan gözlenýänler"-iň sanawynda narynç kategoriýa boýunça, "Jiwan" adyny ulanýan Onur Kamiloglynyň we "Seýit Batman Brüsk" adyny ulanýan Muhammed Gönýeliň bolsa çal kategoriýa boýunça gözlenendiklerini habar berdi.

Şyrnak welaýatynyň Žandarma serkerdeligi tarapyndan geçirilen operasiýada PKK-a agza Hasan Binbiriň saklanyp, tussag edilendigini aýdan Ali Ýerlikaýa terrorçylaryň amala aşyran aksiýalary barada hem maglumat berdi.

Ýene degişli makalalar

"Türkiyäniň we sebitiň geljeginde terroryň ýeriniň ýokdugyny hemmelere görkezmekde tutanýerlidiris"
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ýene-de 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi