Iki müň argentinaly Möý-adamyň eşigini geýip, rekord goýdular

Iki müň argentinaly Möý-adamyň eşigini geýip, rekord goýdular

Argentinalylaryň iki müňüsi adybir filmiň gahrymany Möý-adam ýaly geýnip, rekord goýmagyň hötdesinden geldiler. Bu birmeňzeş egin-eşikli iň köp adamyň hasaba alnan rekordydyr, olar Buenos-Aýresiň köçelerinden ýöriş etdiler diýip, MIR 24 ýazýar.

Supergahrymanyň eşigini ulular-da, çagalar-da geýdiler, olar jemgyýetçilik ulaglarynda, hususy ulaglarda-da görmek bolýar, Möý-adamlaryň iň köp üýşen ýeri şäheriň merkezi boldy.

Guramaçylar öň bu ugurda Malaýziýada goýlan rekordy ozandyklaryna ynanýarlar. Ol ýerde 700 sany Möý-adam hasaba alnypdy, Argentinada welin, bu san üç esse köp boldy.

Serediň, hemmeler diýseň bagtly. Bizi sungata bolan söýgi, rekord goýmaga hyjuw birleşdirýär. Biz onsoňam mätäçlere kömek etmek üçin ýygnandyk diýip, ýörişe gatnaşyjylaryň biri gürrüň berýär.

Tutuma gatnaşyjylar öz ýanlary bilen gaplanan azyk önümlerini alyp geldiler. Olary garyplara we öýsüzlere hyzmat edýän ýerli naharhana haýyr-sahawat etdiler.

Ýene degişli makalalar

Buenos-Aýresde harasat şäheriň esasy nyşanyna şikes ýetirdi
Daşary ýurt metbugatyna syn
Tomas Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti wezipesine täzeden saýlanyldy
Futbolyň ägirdi Diego Maradona aradan çykdy, Argentinada 3 gün ýas yglan edildi
Rowaýaty futbolçy Diego Armando Maradona 60 ýaşynda aradan çykdy