Ikinji tapgyryň bijeleri

UEFA Çempionlar ligasynda toparçadaky oýunlarda birnäçe rekord goýuldy. Şolaryň biri geçirilen 96 duşuşykda 306 goluň derwezä urulmagy boldy (ortaça her oýna 3,1875 goldan düşýär). Şeýle-de PSŽ 25 gol bilen toparçalarda iň köp pökgi salan topar diýen ady eýeledi.

Bu ýaryşyň iň netijeli hüjümçisi Kristiano Ronaldo bir möwsümde toparçadaky ähli oýunda-da (6) gol geçiren ilkinji futbolçy bolmagy başardy.Portugaliýaly ýyldyz toparçalarda umumylykda 60 gezek tapawutlanyp, bu ugurda Lionel Messi bilen deňleşdi. “Barselona” 1 gol geçirdip, ozal birnäçe gezek başga klublar hem-de özi tarapyndan täzelenen rekordy ýene bir ýola gaýtalady.

Bir ýurtdan 4 klubuň toparçalarynda 1-nji ýeri eýelemegi, “Liwerpulyň” myhmançylykda “Maribory” 70 utmagy ýaly görkezijiler hem gaýtalanan beýleki rekordlar diýlip hasaba alyndy. Şeýle-de ýene bir esasy rekord, ikinji tapgyra 1 ýurtdan ilkinji gezek 5 toparyň çykmagy boldy. Ýagny ikinji tapgyrda çykyş etjek 16 klubuň 5-si Angliýadan bolup, şeýle waka ilkinji gezek duş gelinýär. 4 topar bilen ýaryşa gatnaşan ispanlaryň 3-si bäsleşigi dowam etdirýär. 3 klub bilen başlan italýanlaryň 2-si 1/8 finalda çykyş eder. Şeýle-de Germaniýadyr Fransiýadan, Türkiýeden, Şweýsariýadan, Portugaliýadan we Ukrainadan 1 klub 2-nji tapgyryň petegini gazandy.Şu hepdäniň duşenbe güni Şweýsariýanyň Nion şäherinde ikinji tapgyryň ýa-da başgaça aýdylanda, 1/8 finalyň bijeleri çekildi.

Bijä laýyklykda, futbol muşdaklaryna fewral we mart aýlarynda bir-birinden gyzykly duşuşyklar garaşýar.

Çempion PSŽ bilen duşuşarSoňky 2 ýylyň çempiony we muny başaran ilkinji topar adynyň eýesi “Real Madrid” bu kuboga ymtylýan “Pari Sen Žermen” bilen duşuşar.Iki topar mundan ozal 6 gezek özara duşuşyk geçirdi. Şolarda her toparam 2 gezek ýeňiş gazandy, 2 oýun bolsa deňlikde tamamlandy.

Futbol bilermenleri bu bijäni irki final diýip belleýärler. Ýörite Çempionlar ligasyny gazanmak üçin Neýmar, Mbappe ýaly ýyldyzlary hataryna goşan PSŽ-niň Unaý Emeriniň tälimçiliginde bu kubogy iň köp alan klubuň garşysyna geçirjek 2 duşuşygy-da eýýämden janköýerleriň esasy üns merkezinde.Tapgyryň ýene bir esasy üns çekýän duşuşygy “Çelsi” bilen “Barselonanyň” arasynda bolar.

Iki topar şu wagta çenli 12 gezek duşuşdy. Şolaryň 4-sinde “Çelsi”, 3-sinde “Barselona” ýeňiş gazandy. 5 duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady.Iki toparyň arasyndaky iň ýatda galan oýun 2011/2012 möwsüminde Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda bolupdy. Öz meýdançasynda 10 hasabynda ýeňiş gazanan “Çelsi” jogap duşuşygynda 22 deňme-deň oýnapdy.

Oýnuň başlarynda bir oýunçysy gyzyl petek alan “Çelsi” bar ünsi goraga jemläp, garşylyklaýyn hüjümler bilen 2 gol geçiripdi. “Çelsi” şol ýyl çempion bolupdy.Wise-çempion “Ýuwentus” ýene-de azyndan şol başarnygyny gaýtalamak isleýän bolsa, onda olar ilki iňlis kluby “Tottenhemden” üstün çykmaly bolarlar. “Ýuwentus” bilen “Tottenhem” henize çenli resmi duşuşyk geçirmändir. Ýöne olaryň şu tomusda oýnan ýoldaşlyk duşuşygynda londonlylar 20 hasabynda ýeňiş gazanypdy.Ukrain topary “Şahtýor” Italiýanyň “Romasy” bilen bije çekişdi.

Iki klub mundan öňem 2010/2011 möwsümine Çempionlar ligasynyň 2-nji tapgyrynda gabatlaşypdylar. Şonda “Şahtýor” Rimde 32, öz meýdançasynda-da 30 hasabynda ýeňiş gazandy.Toparçada “Liwerpul” bilen duşuşan Ispaniýanyň “Sewilýasynyň” bijesine 1/8 finalda ýene-de başga bir iňlis topary “Mançester Ýunaýted” çykdy. Ýewropa ligasynyň soňky ýyllardaky ýeňijileri “Sewilýa” bilen “Mançester Ýunaýted” mundan öň ýeke gezegem Ýewrokuboklarda gabatlaşmandy.“A” toparçada 12 utuk gazanyp, 2-nji tapgyryň petegini alan Şweýsariýanyň “Bazel” toparynyň ýoly ýene bir Mançester şäherine düşdi.

Ol toparçada “Ýunaýted” bilen duşuşypdy.Indi, onuň garşydaşy şäheriň beýleki kluby “Siti” boldy.Fewral aýynda oýnaljak oýun 2 toparyň arasyndaky ilkinji duşuşyk bolar.Toparçasynda 1-nji ýeri alan “Beşiktaşyň” bijesine 2-nji tapgyrda güýçli garşydaş çykdy.

Türk kluby Germaniýanyň “Bawariýasy” bilen duşuşar.Iki topar 1997/1998 möwsüminde toparçada gabatlaşypdy we ikisinde-de münhenliler 20 hasabynda ýeňiş gazanypdy.“Porto” bilen “Liwerpul” mundan ozal, 4 gezek özara güýç synanyşypdy. Şolarda 2 gezek ýeňiş gazanan “Liwerpul” bolupdy we 2 oýun hem deňlikde gutarypdy.

UEFA Çempionlar ligasy 1/8 finalyň duşuşyklary:13-nji fewral 7-nji mart“Ýuwentus” (Italiýa) “Tottenhem” (Angliýa)“Bazel” (Şweýsariýa) “Mançester Siti” (Angliýa)14-nji fewral 6-njy mart“Porto” (Portugaliýa) “Liwerpul” (Angliýa)“Real Madrid” (Ispaniýa) “Pari Sen Žermen” (Fransiýa)20-nji fewral 14-nji mart“Çelsi” (Angliýa) “Barselona” (Ispaniýa)“Bawariýa” (Germaniýa) “Beşiktaş” (Türkiýe)21-nji ferwal 13-nji mart“Sewilýa” (Ispaniýa) “Mançester Ýunaýted” (Angliýa)“Şahtýor Donesk” (Ukraina) “Roma” (Italiýa)UEFA Ýewropa ligasyOzalkylara garanyňda, şu gezek güýçli klublaryň gatnaşýan Ýewropa ligasynda-da 2-nji tapgyryň bijeleri çekildi. 32 klub ýaryşy dowam etdirip, olaryň 8-si Çempionlar ligasyndan geldi.

Bu bäsleşikde Ispaniýanyň, Italiýanyň hem-de Russiýanyň adyndan 4 klub wekilçilik edýär.Fransuzlaryň 3 kluby ýaryşy dowam etdirse, Germaniýanyň, Portugaliýanyň we Serbiýanyň 2 topary 2-nji tapgyra adyny ýazdyrdy.

Entek bu kubogy gazanyp görmedik “Milan” “Ludogores” bilen bije atyşdy. “Arsenal” bolsa ilkinji gezek ýaryşa gatnaşýan “Estersund” bilen güýç synanyşar. 1/16 finalyň 1-nji oýunlary 15-nji fewralda, jogap duşuşyklary-da 22-nji fewralda oýnalar.

UEFA Ýewropa ligasy 1/16 finalyň duşuşyklary1. “Borussiýa Dortmund” (Germaniýa) “Atalanta” (Italiýa)2. “Nissa” (Fransiýa) “Lokomotiw” (Russiýa)3. “Kopengagen” (Daniýa) “Atletiko Madrid” (Ispaniýa)4. “Spartak M.” (Russiýa) “Atletik Bilbao” (Ispaniýa)5.

AEK (Gresiýa) “Dinamo Kiýew” (Ukraina)6. “Seltik” (Şotlandiýa) “Zenit” (Russiýa)7. “Napoli” (Italiýa) “Leipsig” (Germaniýa)8. “Srwena Zwezda” (Serbiýa) SSKA Moskwa” (Russiýa)9. “Lion” (Fransiýa) “Wilýarreal” (Ispaniýa)10. “Real Sosiedad” (Ispaniýa) “Salsburg” (Awstriýa)11. “Partizan” (Serbiýa) “Wiktoriýa Plžen” (Çehiýa)12. “Stýaua” (Rumyniýa) “Lasio” (Italiýa)13. “Ludogores” (Bolgariýa) “Milan” (Italiýa)14. “Astana” (Gazagystan) “Sporting” (Portugaliýa)15. “Estersund” (Şwesiýa) “Arsenal” (Angliýa)16. “Marsel” (Fransiýa) “Braga” (Portugaliýa)

Ýene degişli makalalar

Koreýa Respublikasynda Son Hyn Miniň ornuny başga futbolçy eýeledi
Google Tottenhemden öý stadionynyň adyna hukugy satyn almak isleýär
Arsenal birinjiligi elden bermedi
Çempionlar ligasynyň 4-nji oktýabrdaky duşuşyklarynyň netijeleri
Sport syny: uik-endiň esasy futbol wakalary
Sport syny: ÝÇL ikinji tapgyr: Ýuwentusda ýeňliş, Çelside deňlik, Barselonada bolsa...