Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar giňeldilýär

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat hormatly Prezidentimize Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billanyň we Premýer-ministri Anwar bin Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de öz ýurdunda özygtyýarly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Malaýziýanyň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini möhüm diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, Malaýziýa AziýaÝuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Özara hormat goýmak, dostluk, düşünişmek ýörelgeleri esasynda ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlyk häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini we syýasy taýdan özara ynanyşmagyň yzygiderli berkidilýändigini kanagatlanma bilen belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde iki ýurduň birek-birege goldaw bermek, ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek tejribesine ýokary baha berdi.

Türkmen-malaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunda özara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini bellemek gerek. Nebitgaz pudagynda üstünlikli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Malaýziýanyň PETRONAS nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistanda ençeme ýyllaryň dowamynda üstünlikli iş alyp barýandygy we ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge saldamly goşant goşýandygy özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi. Kompaniýa köp ýyllardan bäri uglewodorod çig malyny gazyp almak boýunça taslamalary durmuşa geçirýär, şeýle hem nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli türkmen hünärmenlerini taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk edýär.

Umumy pikire görä, medeni-ynsanperwer ugurdaky, hususan-da, ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyny nygtap, türkmen-malaý dialogynyň mundan beýläk-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Malaýziýanyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin hoşniýetli arzuwlar we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, özara bähbitlere doly laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy
Türkmenistan we Malaýziýa hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Aşgabatda Italiýanyň we Malaýziýanyň ilçileriniň arasynda duşuşyk geçirildi
Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň täze bellenen ilçisi kabul edildi