Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Düýn 22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddini kabul etdi.

Türkmen-malaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunda özara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini bellemek gerek.

Nebitgaz pudagynda üstünlikli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.Malaýziýanyň PETRONAS nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistanda ençeme ýyllaryň dowamynda üstünlikli iş alyp barýandygy we ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge saldamly goşant goşýandygy özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi.

Umumy pikire görä, medeni-ynsanperwer ugurdaky, hususan-da, ylym-bilim we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyny nygtap, türkmen-malaý dialogynyň mundan beýläk-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Malaýziýanyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, özara bähbitlere doly laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar giňeldilýär
Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi
Petronasyň baş menejeri kompaniýanyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň baý taryhy barada çykyş etdi
Türkmenistan we Malaýziýa hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Aşgabatda Italiýanyň we Malaýziýanyň ilçileriniň arasynda duşuşyk geçirildi
Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy