Ilat ýazuwy röwşen geljege tarap

Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň baş maksady ilatyň demografik düzümi hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary ýygnamakdan ybarat bolup durýar.

Munuň özi döwletimiziň geljekki ösüşleri üçin ygtybarly binýady döretmäge, şeýle-de adam ösüşine gönükdirilen maýa goýumlaryň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berer. Şunda saglygy goraýyş, bilim edaralarynyň ähli amatlylygy özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, ýol infrastrukturasynyň gurluşygy, täze iş orunlarynyň döredilmegi esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Ilat ýazuwy, ilkinji nobatda, statistik ýazgylary ýöretmek, gözleg arkaly maglumat çeşmelerini emele getirmek üçin zerur maglumatlary almak bilen baglanyşykly döwlet wezipesi üçin möhüm bolup durýar. Munuň şeýledigini onuň Ilat ýazuwy 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek şygary astynda geçirilýändigi hem subut edýän bolsa gerek.

Maglumat tehnologiýalarynyň ýokary derejesine garamazdan, halkyň gönüden-göni gatnaşýandygy üçin ilat ýazuwy jemgyýetiň möhüm aýratynlyklary, hususan-da, iş üpjünçiligi we zähmet bazary baradaky resmi statistikanyň esasy hem-de aýrylmaz çeşmesi bolmagynda galýar.

Ilat ýazuwynyň döwlet üçin ähmiýeti onuň durmuş şertlerini netijeli dolandyrmak we gözegçilik etmek babatda möhüm maglumatlary ýygnamagy bilen çäklenmeýär.Ilat ýazuwy durmuş-ykdysady gözlegleri, iş sanawlaryny we Hökümetiň ulanýan beýleki maglumatlaryny ýygnamak mehanizmini sazlamak hem-de baha bermek üçin-de esasy guraldyr.

Birleşen Milletler Guramasy ilat ýazuwyny on ýylda azyndan bir gezek geçirmegi maslahat berýär. Munuň özi jemgyýetiň düzüminde bolup geçýän üýtgeşmeler barada maglumatlary almak üçin zerurdyr.

Badalga alan bu çäre ýörite okuwlary geçen hasaplaýjylar tarapyndan sowal-jogap geçirmek hem-de elektron ýazuw resminamalaryny doldurmak arkaly amala aşyrylýar. Şeýlelikde, sanly tehnologiýalar has anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berer, şeýle hem ilat ýazuwynyň deslapky hem-de gutarnykly netijelerini metbugatda öz wagtynda we doly çap etmäge ýardam berer.

Raýatlaryň ilat ýazuwyna gatnaşmaklary meýletinlik ýörelgesine esaslanýar, emma şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy bu çäräniň jemgyýetçilik ähmiýetine anyk düşünmelidir, raýat jogapkärçiligini duýmalydyr.

Ilatyň hem-de ilat ýazuwyny geçirýänleriň gatnaşyklary oýlanyşykly döwlet derejeli çözgütleri kabul etmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ähli pudaklary üçin uzak möhletleýin taslamalarydyr maksatnamalary işläp taýýarlamak üçin zerur bolan has doly, ygtybarly maglumatlar binýadyny döretmek maksady bilen, özara ynam, hyzmatdaşlyk esasynda guralýar.

Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň dowamynda sanaýjylar öýlere baryp, dört sany elektron ýazuw kagyzlarynda kesgitli goýlan sowallaryň esasynda ýaşaýjylardan maglumatlary ýygnarlar. Öýlere aýlanýan sanaýjylaryň şahsyýetlerini tassyklaýan ýörite şahadatnamalary bardyr.

Sowalnamalaryň jogaplary doldurylanda, ýaşaýjylaryň şahsyýetlerini tassyklaýan we olaryň ýaşaýyş jaýy baradaky resminamalary talap edilmeýär. Öý eýesi maşgalanyň ähli agzalary üçin jogap berip biler. Alnan maglumatlaryň ýaşyrynlygy üpjün edilýär we olar atsyz görnüşde ulanylar.

Birinji sowalnamada ýaşaýyş jaýynyň görnüşi, gurlan döwri, diwarlarynyň materialy, üçegi we öýleriň sany baradaky maglumatlar ýazylýar. Ikinji sowalnamada ýaşaýyş jaýyna eýeçiligiň görnüşi, otaglaryň sany we görnüşleri, meýdany, jemagat hojalygy hyzmatlary we internet üpjünçiligi baradaky sowallara jogaplar berilýär.

Üçünji sowalnamada ýaşaýyş jaýynda ýaşaýanlaryň sany, olaryň öý hojalygynyň baştutanyna bolan garyndaşlyk gatnaşygy barada maglumatlar bellenilýär. Dördünji sowalnamada adamlaryň milleti, ýaşy, doglan ýeri, jynsy, dili, raýatlygy, maşgala ýagdaýy, bilim derejesi, iş bilen meşgullygy, girdejileriniň çeşmeleri baradaky sowallara jogap bermek möhümdir.

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda geçirilýän ilat ýazuwy Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda hem geçiriler.Daşary ýurtlarda işleýän raýatlarymyzyň we olaryň maşgala agzalarynyň, ilat ýazuwynyň geçirilýän wagtynda iş sapary ýa-da gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda bir ýyldan we ondan köp wagtlyk ýurduň çäklerinden daşarda bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň, ýurdumyzyň çäginde bar bolan bosgunlaryň, ýöriteleşdirilen edaralarda ýaşaýan raýatlaryň, ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny geçirmek arkaly döwletimiziň çägindäki ýaşaýan ilatyň we döwletimiziň raýatlarynyň ähli toparlary barada doly statistiki maglumatlar almak amala aşyrylar.

Aýgül BERDILIÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis diliniň fonetikasy we leksikologiýasy kafedrasynyň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi” duşuşygynda çykyş etdi
Nahajul Faradis atly eseriň türki dile goşan goşandy
2050-nji ýyla çenli Merkezi Aziýanyň ilaty 100 milliondan geçer
Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Ygdyryň badamjan mürebbesi