Ilçi Hoseýn Ali Mustafa Gannam Palestina iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Ilçi Hoseýn Ali Mustafa Gannam Palestina iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hoseýn Ali Mustafa Gannam türkmen halkyna we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Palestinanyň halkyna iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol bu barada Turkmenportalyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde agzap geçdi.

Ýene birnäçe günden Palestinanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň açylanyna ýedi ýyl dolýar. Men indi alty ýarym ýyl bäri Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup işläp gelýärin. Biziň döwletlerimiziň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 30 ýyl mundan ozal ýola goýuldy diýip, Hoseýn Ali Mustafa Gannam belledi.

Meniň esasy wezipäm Palestina bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ösdürmekden ybarat. Şol maksat bilen biz dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin wekiliýetleriň saparlaryny we dürli derejeli duşuşyklary guraýarys. Awgust aýynda Türkmenistana Palestina Döwletiniň daşary işler ministri Riýad Al-Malikiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasy ylalaşyldy.

Ýurtlaryň arasyndaky syýasy gepleşikleriň derejesine nähili baha berýärsiňiz?

Biz Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna hormat bilen garaýarys. Ýurtlarymyz halkara guramalarynyň çäginde ýakyn aragatnaşyk saklaýarlar. Syýasy meseleler, adatça, wekiliýetleriň saparlary mahalynda ýokary derejede ara alnyp maslahatlaşylýar. Häzirki wagtda, ilkinji nobatda, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berilýär.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga nähili ähmiýet berilýär?

Ozal biz Türkmenistanda Palestinanyň Medeniýet hepdeligini geçirýärdik. Şeýle çäreleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine umyt edýäris. Şeýle-de, ynsanperwer hyzmatdaşlygy hem möhüm ähmiýete eýe. Türkmenistan, özara düşünişmegiň ýokary derejesi hökmünde palestinaly çagalara ynsanperwerlik kömegini iberdi.

Siz şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Palestinanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini iberendigini ýatlap geçdiňiz. Bu çözgüde nähili baha berýärsiňiz?

Palestina üçi kyn döwürde Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda ýardam goluny uzatdy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermek baradaky resminama gol çekdi.

Palestina bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklar baý taryha eýe. Halklarymyzyň arasynda hemişe hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklar höküm sürüpdir. Çagalarymyzyň türkmen halkynyň sahawatyny we myhmansöýerligini hiç wagt ýatdan çykarmajakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerinden ugur alýar. Olar syýasaty we ynsanperwerligi tapawutlandyrýarlar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dini ýa-da syýasy garaýyşlaryna garamazdan, islendik adama kömek etmäge taýýardygyna ynanýaryn. Bu gazna köp ýurtda hormata mynasyp boldy.

Palestina halkyna iberen ynsanperwerlik kömegi we goldawy üçin Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildiresim gelýär.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan, Palestinanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkmenistanda täze athana açyldy, Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyr gurluşyklarynyň taslamalary bilen tanyşdy, Türkmenistan — Özbegistan futbol duşuşygynyň petekleri satylyp başlandy we beýleki habarlar
TRT 23-nji aprel Çagalar festiwaly giňden belenilip geçilýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Ştaýnmaýer Bilen Duşuşyk Geçirdi
Filmlerde çagalary bilen surata düşen ýyldyz artistler