Ilçi Sapar Pälwanow Diplomatic World žurnalynyň ýolbaşçylaryna akkreditasiýa şahadatnamasyny gowşurdy

Ilçi Sapar Pälwanow Diplomatic World žurnalynyň ýolbaşçylaryna akkreditasiýa şahadatnamasyny gowşurdy

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Brýusselde ýerleşýän Diplomatic World žurnalynyň ýolbaşçylaryna akkreditasiýa şahadatnamasyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Diplomatic World žurnalynyň arasyndaky gatnaşyklar 2022-nji ýyldan bäri, žurnalyň ýolbaşçylarynyň Halkara Bitaraplyk gününe gabatlap Türkmenistana amala aşyran saparyndan soň ep-esli ýokarlandy. Saparyň dowamynda žurnalyň wekilleri ýurduň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi bilen tanyşdylar.

Maglumat üçin, Diplomatic World — dünýä syýasatyny, diplomatiýany, işewürligi, maliýe ulgamyny, sungatyny we medeniýetini özünde jemleýän elektron we çap görnüşinde üç aýdan bir gezek neşir edilýän, ýokary derejeli okyjylara niýetlenýän halkara žurnaldyr.

Diplomatic World žurnalynyň ýolbaşçylarynyň akkreditasiýa edilmegi Türkmenistana halkara giňişlikdäki bähbitlerini has netijeli ösdürmäge we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ilçisi Brýusselde sanlylaşdyrma boýunça bilermenler maslahatyna gatnaşdy
Türkmen diplomatlary Bitaraplyk syýasatyny üzňeligiň däl, açyk dialogyň guraly hökmünde wagyz edýär
Türkmenistan we “Euronews” telekompaniýasy bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Owganystan boýunça ÝBMerkezi Aziýa dialogyna gatnaşdy
Türkmenistan “ÝBMerkezi Aziýa: Owganystan boýunça dialogynda” parahatçylyk başlangyjyny hödürledi
Türkmenistan demografiýa we gender deňligi ugurlarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary