Ildeşimiz Dünýäniň wise-çempiony boldy

Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada dowam edýän agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda ildeşimiz Rejepbaý Rejepow kümüş medala mynasyp boldy. 81 kg agram derejesinden çykyş eden 30 ýaşyndaky ildeşimiz birbada götermekde 164 kg agyrlygy galdyryp, 2-nji orny eýeledi. Bu ugurda hytaýly Li Daýin 171 kg agram bilen 1-nji orna mynasyp boldy.

Itekläp götermekde Rejepbaý Rejepow görkezen netijesi boýunça kiçi altyn medal gazanmagy başardy.Ildeşimiz 202 kg agramy galdyrmagy başardy.Li Daýin ildeşimizden 1 kg agram az göterip, 2-nji orny eýeledi.

Umumylykda Li Daýiniň görkezen netijesi 372 kg agrama deň boldy.Rejepbaý Rejepow bolsa 366 kg agram bilen 2-nji ýeri eýeledi.Münberiň 3-nji basgançagyna bolsa jemi 357 kg agramy galdyran Günorta koreýaly Kim Wu Çžae çykdy.

Rejepmyrat Rejepow 2017-nji ýylda ABŞ-nyň Anahaým şäherinde geçirilen Dünýä çempionatynda-da 77 kg agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Bogotada gazanylan kümüş medal ildeşimiziň Dünýä çempionatlaryndan 2-nji wise-çempionlygdyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatyna gatnaşar
Türkmenistanly agyr atletikaçylaryň Pariž ― 2024-e ýollanma almak üçin gatnaşmaly ýaryşlary belli boldy
Rejepbaý Rejepow agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy
Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty başlady
Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergi açyldy
01.12.2020 | Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergisi açyldy