Ilham Aliýew Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýandygyny belleýär

Ilham Aliýew Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýandygyny belleýär

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli iberen gutlagynda iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň geljekde-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýandygyny belleýär. Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlagda şeýle diýilýär:

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny halklarymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny özünde jemleýän Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tebigata çäksiz söýginiň beýany bolan bu baýram adamlary ýakynlaşdyrýan beýik ruhy gymmatlykdyr. Nowruzyň gadymy ýörelgeleri bahar ruhubelentligini, tebigatyň köpöwüşginli janlanmagyny alamatlandyrmak bilen, biziň köpasyrlyk medeni mirasa hormat-sarpamyzyň beýanydyr.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalarymyzy geljekde-de üstünlikli dowam etdirjekdigimize ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, meniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagym mynasybetli iberen tüýs ýürekden gutlaglaryňyz, iň gowy arzuwlaryňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin.

Şu nurana günlerde Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini Beýik Ýeňiş güni bilen gutlady
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň dersleri boýunça bäsleşik geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti täze ýolbaşçylary wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidentine Tatarystanyň ilkinji Prezidentinden gutlag haty geldi
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady