Ilkinji gezek 1/8 finala çykdy

UEFA Çempionlar Ligasynda “B” toparçada derwezesini “Atletiko Madridiň” hüjümçileriniň gollaryndan goramagy başaran Simon Minýole topary “Klub Brýuggeniň” 1/8 finala çykmagyna uly goşant goşdy.Madridde oýnalan duşuşykda hasap açylmady.

Amatly pursatlarda ispan toparynyň oýunçylaryna Minýoleni geçmek başartmady. Şeýlelikde, bu deňlikden soň “Klub Brýugge” Çempionlar Ligasynda ilkinji gezek 1/8 finala çykdy.Ol “Gentden” soň (2015/16) 1/8 finala çykan 2-nji Belgiýa kluby boldy.“Klub Brýugge” topary 4 duşuşykda-da gol geçirtmedi.

Emin 3 penalti belledi

Toparçadaky beýleki oýunda “Porto” myhmançylykda golaýda Çabi Alonsony tälimçilige bellän “Baýeri” 3-0 hasabynda ýeňdi. Portugal toparyna ýeňiş getiren gollary Galeno (6) bilen Mehdi Taremi (53 p, 64 p) geçirdi. Duşuşygyň 16-njy minutynda “Baýeriň” futbolçysy Kerim Demirbaý penalti urgusyndan ýerlikli peýdalanyp bilmedi.

Ýene degişli makalalar

10-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Çempionlar Ligasynda 4-nji duşuşyklar: “Liwerpul” “Real”, PSŽ “Bawariýa”, “Man. Siti” “Borussiýa D”
Osimheniň het-trigi
Türkmenistan Sport Belgiýanyň Superkubogy üçin geçiriljek duşuşygy göni ýaýlyma berer
Brýugge 17-nji gezek Belgiýanyň Superkubogyna mynasyp boldy