Ilkinji Gyşky Olimpiýa oýunlary

Ilkinji Gyşky Olimpiýa oýunlary

1924-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Fransiýanyň Şamoni şäherinde ilkinji gyşky Olimpiýa oýunlary badalga alýar.Sport bäsleşigine 16 ýurtdan 250-den gowrak türgeniň gatnaşmagy onuň şowly netije bermegine getirdi.

Finlýandiýaly hem-de norwegiýaly türgenler jemi 28 medal gazanyp, beýleki ähli ýurduň türgenlerinden köp medal gazandylar.Ilkinji altyn medala 500 metre konkili typmakda ABŞ-ly Çarlz Jotrou mynasyp boldy.

Entek 11 ýaşynda bolan norwegiýaly Sonýa Heni bolsa gyzlaryň arasynda figuralaýyn typmak ýaryşyna gatnaşýar.Iň soňky orny eýeländigine garamazdan, körpe türgen köpleriň arasynda meşhur bolýar. 1920-nji ýylda Antwerpende (Belgiýa) geçirilen ýaryşda medal gazanan şwesiýaly Ýillis Grafstrýom, erkekleriň arasynda geçirilen figuralaýyn typmak ýaryşynda altyn medal gazanýar. Şeýlelikde hem gyşky, hem tomusky olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanan ilkinji türgen bolýar.

Ýene degişli makalalar

Çarlz III şu gün Londonda Patyşa diýlip resmi yglan ediler
Karl III resmi taýdan patyşa yglan edildi
UFC 12-nji noýabrda Porýe — Çendler tutluşygynyň boljakdygyny tassyklady
Britanlar Şa zenany bilen hoşlaşdylar
Angliýada täze şaýy pullar peýda boldy
Konor Makgregoryň bäsdeşi bolmaga esasy dalaşgäriň kimdigi belli boldy