Ilkinji Özbegistan-Ýewropa konteýner otlusy Türkmenistandan geçýär

Ilkinji Özbegistan-Ýewropa konteýner otlusy Türkmenistandan geçýär

Özbegistan-Ýewopa ugry boýunça ilkinji konteýner ýük otlusy Türkmenistanyň çägini öz içine alýan Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen anna güni ugradyldy. Bu barada “Uzbekiston temir yullari” PJ duşenbe güni habar berdi.

Bu ýük otlusy 46 wagondan we 91 sany 20-futlyk konteýnerden ybarat bolup, ol Almalyk magdan we metallurgiýa kombinatynda öndürilen mis konsentratyny Bolgariýanyň Burgas portuna daşar.

Konteýner ýük otlusy 4000 kilometrden gowrak bolan Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Bolgariýa/Ýewropa ugry boýunça hereket eder.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ugur boýunça otlynyň hereketi “Uzbekiston temir yullari” PJ tarapyndan “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) AGPJ-niň, Azerbaýjanyň “ADY Konteýner” we Gruziýanyň “GR Logistics and Terminals” kompaniýalarynyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde gurnaldy.

Gündogar-Günbatar Transhazar halkara ulag geçelgesi ýükleri Merkezi Aziýadan Ýewropa daşamak üçin döredildi. Ol Hytaý-Gazagystan serhedinden başlap, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä hem-de Ýewropa uzaýar. Onuň çäginde ýurtlary birleşdirýän demir we deňiz ýollar ulanylýar. 2017-nji ýylda işe girizilen bu geçelgäniň umumy uzynlygy 11 müň kilometre barabardyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Özbegistan “Farap/Hojadawlet-Türkmenbaşy porty” ugruny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
Işewürlik-daýdžest: 31-nji oktýabrdan 6-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri Özbegistanda geçiriljek sergide görkeziler
Eýran bilen Türkmenistan üstaşyr nyrhnamalary peseltmek boýunça ylalaşyk gazandy
Özbegistan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Daşkentde YHG-niň ministrler duşuşygynda Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri tanyşdyryldy