Türkmenistan bilen Özbegistan “Farap/Hojadawlet-Türkmenbaşy porty” ugruny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan bilen Özbegistan “Farap/Hojadawlet-Türkmenbaşy porty” ugruny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Özbegistanyň “Uzbekiston temir yullari” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda penşenbe güni Daşkentde geçirilen duşuşykda taraplar “Farap/Hojadawlet-Türkmenbaşy porty-Farap/Hojadawlet” ugrunyň geçirijilik ukybyny ösdürmäge we konteýner ýük gatnawlarynyň mukdaryny artdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

“Uzbekiston temir yullari” paýdarlar jemgyýetiniň maglumat we seljeriş media merkeziniň habaryna görä, duşuşygyň barşynda iki ýurduň demirýol edaralarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe meselä garaldy.

Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda üstaşyr ýük daşama meseleleri we üstaşyr bölümleri üçin, şeýle hem Türkmenistanyň we Özbegistanyň bölümlerinden eksport edilýän we üstaşyr geçirilýän käbir harytlar üçin arzanladyş girizmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Özbegistanyň “Uzbekiston temir yullari” PJ bilen Türkmenistanyň “Demirýollary” AGPJ-nyň arasynda jemleýji Teswirnama gol çekildi.

Özbegistanyň “Uzbekiston temir yullari” PJ-nyň, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Eýranyň “Vision Global Terminal” kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Özbegistanda geçirilen duşuşykda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

KAMAZ Türkmenistana iki sany elektrobus ýerledi, Mişustin Aşgabatdaky Puşkin adyndaky mekdebe baryp gördi, Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler we beýleki habarlar
Eýran bilen Türkmenistan üstaşyr nyrhnamalary peseltmek boýunça ylalaşyk gazandy
Özbegistan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Ilkinji Özbegistan-Ýewropa konteýner otlusy Türkmenistandan geçýär
Özbegistan Hazar deňzinde öz gämileriniň bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky habarlar Ýer ýüzüniň 1,5 miliard adamyna ýetiriler