Özbegistan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Özbegistan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Özbegistanyň “Uzbekiston temir yullari” paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň birinji orunbasary Hikmatilla Rahmetowyň, müdiriýetiň Ulag we logistika boýunça orunbasary Abdumalik Kamiljanowyň, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Eýranyň “Vision Global Terminal” kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Özbegistanda geçirilen duşuşykda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu barada “Uzdaily” internet neşiri çarşenbe güni habar berdi.

Taraplar Eýrandan Özbegistana we onuň üsti bilen beýleki ýurtlara konteýner gatnawlarynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem duşuşykda Bandar Abbas (Eýran) portunyň üsti bilen Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň portlaryndan Özbegistana import edilýän konteýnerleriniň daşalýan wagtyny azaltmak, konteýnerleri Sarahs serhet geçelgesinde “Uzbekiston temir yullari” paýdarlar jemgyýetine degişli agyr ýükleri daşamak üçin niýetlenilen platforma geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Eýranyň “Vision Global Terminal” kompaniýasynyň wekilleri Bandar Abbas portuny bilen Sarahs serhet geçelgesinde ýerleşýän terminallaryň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça taýýarlan maglumatlaryny görkezdiler.

Özbegistan bilen Eýran ozal Özbegistan — Türkmenistan — Eýran üçtaraplaýyn multimodal ulag geçelgesini ösdürmek barada ylalaşyk gazandy.

Ýene degişli makalalar

Eýran bilen Türkmenistan üstaşyr nyrhnamalary peseltmek boýunça ylalaşyk gazandy
Türkmenistan bilen Özbegistan “Farap/Hojadawlet-Türkmenbaşy porty” ugruny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
Ilkinji Özbegistan-Ýewropa konteýner otlusy Türkmenistandan geçýär
Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky habarlar Ýer ýüzüniň 1,5 miliard adamyna ýetiriler
Işewürlik-daýdžest: 31-nji oktýabrdan 6-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
Daşkentde YHG-niň ministrler duşuşygynda Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri tanyşdyryldy