Türkmen wekiliýeti Hywada geçirilýän Halkara etnosport festiwalyna gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti Hywada geçirilýän Halkara etnosport festiwalyna gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Hywa şäherinde geçirilýän Halkara etnosport festiwalyna gatnaşýar. Bu barada Sputnik Uzbekistan habar berýär.

Halkara sport festiwalynda türkmen türgenleri dünýäniň 63 döwletinden gelen 1800-den gowrak bäsdeşleri bilen restling, pälwanlaryň oýunlary, ýaýdan ok atmak, guşakly göreş, daş götermek, owlakgapdy ýaly birnäçe etniki sport görnüşleri boýunça güýç synanyşarlar.

Halkara festiwala Türkmenistan bilen bir hatarda Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Müsüriň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Eýranyň, Pakistanyň, Ysraýylyň, Hindistanyň, Koreýa Respublikasynyň, Kanadanyň hem-de Gruziýanyň wekiliýetleri gatnaşýar.

Düýn — 7-nji sentýabrda başlanan Halkara etnosport festiwaly 10-njy sentýabra çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi, Türkmenistanyň ilatynyň sany 7 million adamdan gowrak boldy, Aşgabatda ilkinji saglyk festiwaly geçiriler we beýleki habarlar
Türkmenistanda çaga welosipedleri öndürilip başlanar, Gülşat Mämmedowa Türkiýäniň Parlamentiniň başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşdy, Aşgabatda türkmen-rus işewürlik forumy geçiriler we beýleki habarlar
Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi, Aşgabatda meşhur Brodweý sazlary ýaňlanar, Dubaýda Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça çäre geçiriler
Türkmenistan Türkiýä ynsanperwer kömegini berdi, Azat Dönmezow Moskwa oblastynda konsert berer, Özbegistan Türkmenistana 20 sany tiz kömek awtoulagyny iberdi
Türkmenistanda harby gulluk hakynda kanunlara täzeden serediler, Aşgabatda galyndylary aýry-aýrylykda toplamak (sortlamak) taslamasy synag ediler, Türkmenistanda halkara ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi we beýleki habarlar
Türkmen howa ýollary Moskwa uçuşlaryň möçberini artdyrar, Türkmenistana ýakyn wagtda yssy günler gaýdyp geler, Balkan welaýatynda täze prokuratura binasyny gurmak meýilleşdirilýär we beýleki habarlar