Ilkinji suratyny iberdi

Golaýda Aýa gondurylan Hindistanyň “Chandrayaan-3” kosmos gämisi ilkinji suratlaryny iberip başlady. kosmos enjamy esasy üç bölekden ybarat bolup, onuň biri Aýyň orbitasynda aýlanýar. Beýleki ikisi “Vikram” atly gonuş modulyndan we “Pragyaan” atly tigirli moduldan ybarat.

Ýurduň Kosmos barlaglary guramasy (ISRO) “Chandrayaan-3”-iň Aýa gonandan gysga agtdan soňra düşüren suratyny ýaýratdy.Suratda “Vikram”-yň bir tarapyndaky Gün panelleriniň açylandygyny we agramy 26 kilogramdan gowrak bolan “Pragyaan”-yň moduldan çykyp Aýyň ýüzüne düşendigini görmek bolýar. “Pragyaan” atly enjam kraterleriň arasynda hereket edip, maglumat toplar. Şeýle hem Aýyň topragynyň himiki düzümini öwrenmäge ýardam eder. “Pragyaan” toplan maglumatlary “Vikram”-daky aragatnaşyk enjamlary arkaly Aýyň orbitasynda aýlanýan “Chandrayaan-2”-ä iberiler. “Chandrayaan-2” emeli hemrasy bolsa bu maglumatlary Ýerdäki bekede iberer.

Ozal habar berşimiz ýaly kosmos gämisi 23-nji awgustda Aýa gondurylypdy.

Ýeri gelende bellesek, 2019-njy ýylda iberilen “Chandrayaan-2”-niň Aýa gonuş platformasy hatardan çykypdy. Şeýle-de bolsa, Aýyň orbitasynda aýlanýan emeli hemrasyna zeper ýetmändi.

“Chandrayaan-3”-iň degişli enjamlarynyň Aýa gondurylmagy bilen Hindistan ABŞ, ozalky Sowet Soýuzy we Hytaýdan soňra Aýa kosmos enjamyny gonduryp bilen dördünji ýurt, Aýyň Günorta polýusyna enjam gonduran ilkinji ýurt bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Aýda bilelikde beket gurarlar
Aýa Zeminiň medeniýeti barada maglumatlar ýerleşdirilen wagt kapsulasy iberiler
Aýasofýa 11 Aýyň Soltany Remezana Taýarlanýar
Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Beýik Pyragy we Nury Halmämmet atly aýdym-sazly dabara
Nova-C kosmos gämisi Aýa gondy
Ilon Mask adamyň älemi özleşdirmegi üçin million ýyl gerekdigini aýtdy
Aýyň ýaşy has uly bolup çykdy