Ilkinji uçuşyny 2026-njy ýylda amala aşyrar

Awtoulag öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan Honda birnäçe ýyldan bäri uçar önümçiligini ýola goýmak üçin taslamany durmuşa geçirýär. Ýapon kompaniýasynyň işläp taýýarlaýan kiçi göwrümli ýolagçy uçary bolan HondaJet

Echelonyň 2026-njy ýylda ilkinji uçuşyny amala aşyrjakdygy mälim edildi. 11 orunlyk uçar deňeçer howa gämilerinden ýangyjy 20 göterim az sarp eder.Iki motorly howa gämisini bir uçarman dolandyrar.

Honda Aircraft kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ýamasaki Hideto uçaryň ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatyndaky zawodynda öndüriljekdigini belledi.Uçaryň bahasy entek mälim edilmedi.Uçaryň ulanylmagy üçin degişli resminamalaryň 2028-nji ýylda alynmagyna garaşylýar.

Indira REJEPOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýada Honda we Nissan birleşmek üçin gepleşiklere başlandyklaryny beýan etdi
Sony we Honda elektromobilleri öndürýän bilelikdäki kärhanany açar
Toyota ýene-de önümçiligini azaldýar
Toyota toplum şaýlarynyň ýetmezçiligi sebäpli zawodlaryny togtadýar
Toyota 2021-nji ýylda awtoulag satuwy boýunça dünýäde öňdebaryjy boldy
Nissan awtomobiliň päsgelçilik bilen çaknyşmagyndan awtomatik sowuş ulgamyny döredýär