Ilon Maskyň Twitter-däki abunaçylarynyň sany 100 milliondan geçdi

Ilon Maskyň Twitter-däki abunaçylarynyň sany 100 milliondan geçdi

Ilon Maskyň Twitter-däki resmi akkauntynyň abunaçylarynyň sany 100 milliondan geçdi diýip, Aroged portaly habar berýär.

Basym Mask Twitter-däki iň meşhur adamlaryň bäşligine girse gerek — altynjy ýerde duran milliarder bilen bäşligi soňlaýan meşhur futbolçy Kriştianu Ronaldunyň arasyndaky tapawut bary-ýogy 1,3 million abunaçydan ybarat diýip bellenýär. 2018-nji ýylyň başynda Maskyň sahypasyna 18 million abunaçy ýazylypdy, Twitter-i satyn almak hakynda ylalaşyga gol çekilen pursady bolsa milliarderiň sosial tordaky abunaçylarynyň sany 83,6 million boldy.

Işewür öz sosial torlaryna we birgiden muşdaklaryna daýanyp, gymmat bahaly kagyzlaryň we kriptowalýutanyň nyrhyna ençe gezek täsirini ýetirdi diýip, Aroged-iň awtorlary belleýär. Şeýle-de, Ilon Maskyň twitleriniň biri meşhurlygy boýunça platformanyň bütin taryhynda ikinji boldy — 4,5 mln laýk jemledi. Şonuň ýaly-da, Aroged portaly Ilon Maskyň 21-nji iýundan bäri Twitterinde hiç zat çap etmändigine üns berdi.

Megerem, işewür sosial torlardan biraz çekilip, dynç almagy ýüregine düwen bolsa gerek, sebäbi ol öňem şunuň ýaly arakesmeler edýärdi.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary
Ilon Mask Twitteriň emblemasyny üýtgetdi
“Twitter” nyşanyny “X” diýip üýtgetdi
Mask täzelenen “Twitter”-i dünýäniň iň gymmatly brendi etmegi meýilleşdirýär
Ilon Mask adamyň älemi özleşdirmegi üçin million ýyl gerekdigini aýtdy
Ilon Maskyň kakasy oglunyň terjimehalynyň galpdygyny aýtdy
Tesla kompaniýasy Optimus atly adam sypatly robotyň wideosyny çap etdi