ImdatBot ýaş programmistleri we robototehnikleri robotlaryň söweşine gatnaşmaga çagyrýar

ImdatBot ýaş programmistleri we robototehnikleri robotlaryň söweşine gatnaşmaga çagyrýar

ImdatBot çagalar üçin robototehnika türkmen okuw merkezi 26-njy oktýabrda Imdatbot Cup 2022 atly robototehnika boýunça toparlaýyn bäsleşik geçirýär.

Gatnaşmaklyk üçin 2008-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2014-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda doglan mekdep okuwçylary çagyrylýar, gatnaşyjynyň ýaşy resmileşdirilmek üçin dogluş hakynda şahadatnamanyň getirilmegi arkaly tassyklanýar, şeýle-de resminamanyň göçürmesi hem bolmalydyr. Ýaş talaplaryna gabat gelmeýän gatnaşyjylar bäsleşiklere goýberilmeýär. Deslapky resmileşdirme işleri bäsleşik başlanmazdan öň islendik günde amala aşyrylyp bilner.

Her bir gatnaşyjy üç adamdan ybarat toparyň agzasy bolýar. Birden artyk toparyň agzasy bolmak gadagandyr. Her toparda mblock 5 programma üpjünçiligi oturdylan bir noutbuk we bir sany adaty gurluşly mBot bolmalydyr (robotyň gurluşy we aýratynlyklary barada has anyk maglumatlary bäsleşige gatnaşmak üçin bellige alnan wagtyňyzda tanşyp bilersiňiz).

Bäsleşik üç şertden ybarat (bir dolandyryş we iki awtonom), topar olary mümkin boldugyndan az wagt sarp edip ýerine ýetirmeli. Roboty programmirlemek üçin bäsleşige gatnaşyjylara 90 minut berler, şol wagtyň dowamynda olar daşyndan hiç hili kömekden peýdalanyp bilmezler.

Toparlaýyn bäsleşik 26-njy oktýarda ImdatBot okuw merkezinde geçiriler, merkeziň salgysy: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow köç., 147-nji jaý (Merdana binasy). Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 41 42 52, (+993 62) 90 00 69.

Bäsleşik 10:00-da başlanar, 9:00-dan 09:45-e çenli bäsleşige gatnaşyjylary resmileşdirmek işleri geçiriler. Ýeňijiler şol gün üç şertiň dowamynda gazanylan utuklaryň jemi esasynda saýlanylar.

Düzgünleri ýükläp alyň.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Türkmentel — 2023 halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär
Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi
10.10.2018 | “Türkmentel-2018” XI halkara sergisi we ylmy maslahat
“Türkmentel-2018” XI halkara sergisi we ylmy maslahat
Türkmenistan sanly ulgamlary ösdürmekde "BlackSparc" IT kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder
Dünýäde iň haýal internetli Türkmenistanda ýerli IT kompaniýalary kiberhowpsuzlygy maslahat edýär