Her ýylda iki gezek dünýäniň iň güýçli kompýuterleriniň sanawy taýýarlanýar.Bu sanawda iki ýyldan bäri Ýaponiýanyň Fugaku kompýuteri birinjiligi eýeleýär.Indi bolsa bu sanawdaky orunlaryň üýtgemegine garaşylýar.
ABŞ-nyň HPE kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan The Frontier atly kompýuter ýapon bäsdeşinden iki esse güýçli bolar.Oak Ridge milli laboratoriýasy tarapyndan sargyt edilen superkompýuterde AMD EPYC prosessorlary oturdylypdyr.
HPE-niň Cray EX platformasyndan döredilen kompýuter 1,1 eksaflop tizliginde işleýär.
Häzirki wagtda superkompýuterleriň güýji petaflop bilen ölçenýär. Bir petaflop sekuntda 1 katrillion amal diýmegi aňladýar. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda ABŞ, Hytaý we Ýaponiýa ýaly ýurtlardaky superkompýuterler bu ugurdaky has ýokarky basgançak bolan eksaflop ölçegine geçýärler. 1000 petaflopdan geçýän ulgamlardaky tizlik eksaflop bilen ölçenýär. Häzirki wagtda eksaflop we ondan ýokarky ulgamlary işläp düzmek üçin hem tagalla edilýär.
Has ýokary tizlikli superkompýuterleri gurmak üçin Hytaýda we Ýaponiýada täze taslamalar durmuşa geçirilýär.
Nowruz REJEPOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
