Arktikada täze ýyly akym tapyldy

Arktikada täze ýyly akym tapyldy

Rus alymlary Keramatly Anna ternawynda täze akymyň bardygyny anykladylar, onuň üsti bilen Günbatar Atlantikadan Arktika ýyly suw akýar. Ol gyş aýlary deňiz buzluklarynyň emele gelmegini haýalladyp hem-de tomsuna olaryň eremegini çaltlandyryp bilýär diýip, Frontiers in Marine Science neşiri habar berýär diýip, MIR24 ýazýar.

Barlaglar üstki ýyly akym Täze Ýeriň demirgazyk çetinden Keramatly Anna ternawynyň gündogar eňňidi arkaly uzaboýuna akýar. Şeýle-de ternawyň demirgazyk böleginiň aralyk çuňluklarynda stasionar siklon görnüşli tüweleý bolup, ol atlantik suwlary saklaýar hem-de ýyly akymyň Gündogar we Merkezi Arktika aralaşmagyny peseldýär.

Täze akymyň açylmagy Arktikada howa üýtgeşmeleriniň netijelerini has takyk kesgitlemäge mümkinçilik berer. Buz gatlagynyň kemelmegi arktiki ekoulgama täsir edýär we soňky onýyllyklarda ol has çalt eräp başlady.

Başga bir ylmy-barlaglar Arktikanyň beýleki ýerlere garanyňda, dört esse çalt maýlaýandygyny görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Kiprdäki suwa düşülýän ýerleriň üçden bir bölegi doly ýok bolar
Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar
Türkmenistanda bir sagatda “67 million ulagyň çykarýan zyňyndylaryna deň” metan howa syzdy
Alymlar pilleriň nämeden gorkýandygyny anykladylar
Ortaýer deňziniň düýbünde ýaşy 7 müň ýyl bolan ýol tapyldy
BAE-de 50 gradus yssa çydamly balarylary döretdiler
2024-nji ýyl taryhda iň yssy bolup biler