Iň halanan tagamlar

Syýahatçylara dürli maglumatlary we maslahatlary berýän Lonely Planet neşiri 2022-nji ýylyň iň gowy görlen tagamlarynyň sanawyny ýaýratdy. Şeýle hem neşiriň bilermenleri haýsy tagamyň nirede has gowy taýýarlanýandygyny hem anyklapdyrlar.

Sanawyň başynda pinkstos atly ispan nahary bar. Çöregiň üstüne goýlup taýýarlanýan bu nahary ýurduň demirgazygyndaky kenarýaka San Sebastýan şäheriniň aşpezleri has gowy taýýarlaýar.Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda taýýarlanýan Kurri laksa bolsa sanawyň ikinji basgançagynda özüne orun tapypdyr.

Dürli ysly otlar goşulyp, Uzak Gündogar ýurtlaryna mahsus aşdan taýýarlanan çorba Singapurda we Indoneziýada hem meşhurdyr. Ýapon aşhanasynyň iň belli tagamy bolan suşini bolsa tokioly aşpezler has tagamly edip taýýarlaýarlar. Çig deňiz önümlerinden we gök önümlerden taýýarlanýan suşi dünýäniň köp şäherindäki restoranlarda müşderilere hödürlenýär.

ABŞ-nyň Tehas şäherindäki aşpezleriň taýýarlaýan ýuka kesilen etden taýýarlanýan nahary bolsa, dördünji bolupdyr.Bu tagam uly malyň az ýagly etinden közde bişirilýär.Dünýäniň iň köp syýahatçy çekýän ýurtlarynyň biri bolan Tailandyň paýtagty Bangkokdaky restoranlarda hödürlenýän som-tum işdäaçary bäşinji bolupdyr.

Papaýa miwesinden (gawun agajy) taýýarlanýan bu tagam ýurduň demirgazyk-gündogarynda has ýaýrandyr.Sanawda smorrebrod (Kopengagen), kerewit (Täze Zelandiýanyň Günorta adalary), bibimbap (Koreýa Respublikasy), pizza (Napoli) we dim sum (Gonkong) bar.

Oguljennet Baýmuhammedowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwesitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Sary tegmil hassalygy we onuň bejergisi
Hormatly Rim Papasy Benedikt XVI saglygy ýaramazlaşdy
Rim Papasy 86 ýaşady
Rim Papasy wagyz-nesihatynda Dostoýewskiden mysal getirdi
Papandreu Türkiýe bilen Gresiýanyň Arasndaky Dialogyň Möhümdigini Beýan Etdi
Rim Papasy ýaraglanyşygyň haýdadylmagyna garşy göreşmäge çagyrdy