Iň köp asist eden goragçy

Angliýanyň “Premier Ligasynda” arakesme tamamlanyp, 17-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berildi.Sanawyň lideri “Arsenal” London derbisinde “West Hamy” garşydaşynyň 1-0 öňe saýlanandygyna garamazdan, Edegoryň erjel oýny saýasynda 3-1 ýeňmegi başardy.

Belrahmanyň (27) penaltiden geçiren goly bilen öňe saýlanan “West Hamyň” derwezesinden ýeňiş gollaryny Saka (53), Martinelli (58) hem-de Nketia (69) geçirdi.Edil şonuň ýaly netije “Aston Willa” “Liwerpul” duşuşygynda-da hasaba alnyp, myhmanlar 3-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi.

Salah, Wan Deýk hem-de 18 ýaşyndaky Baýçetiç geçirdi. “Liwerpuldaky” 172-nji goluny geçiren Mohamed Salah bu ugurda Kenni Dalgliş bilen deňleşdi. Şeýle-de bu goluň pasyny beren 28 ýaşyndaky Andrýuw Robertson “Premier Ligadaky” 231-nji duşuşygynda 54-nji asistini etdi. Şunlukda, ol “Premier Ligada” iň köp asist eden goragçy rekordynyň täze eýesi boldy.

Ondan öň bu ugurda 420 oýunda 53 goluň pasyny beren Leiton Baýnes öňde barýardy.

Ýene degişli makalalar

Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
Sport habarlary gysga setirlerde
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi
“Liwerpul” içini sowatdy
Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär