Iň köp aýdymy diňlenen zenan aýdymçy boldy

Amerikaly meşhur aýdymçy zenan Teýlor Swift täze rekord goýdy. “Grammy” baýragynyň eýesi Swift häzirki wagtda ABŞ-nyň dürli şäherlerinde “Eras” konsert turlarynyň çäginde çykyş edip gelýär. Şol turuň dowamy hökmünde geljek ýyl Ýewropanyň dürli şäherlerinde konsert bermekçi bolýan Swiftiň 2019-njy ýylda çykaran “Lover” atly albomyndaky “Cruel Summer” atly aýdymy iň köp diňlenen aýdymlaryň 10-lygyna girdi.

Bu onuň ilkinji 10-lyga giren 41-nji aýdymy bolup, ol bu ugurda Drake-den soň 2-nji ýerde barýar (68 aýdym).Madonna (38), The Beatles (34), Rihanna (32) hem-de Maýkl Jekson (30) öňdäki orunlary eýeleýän beýleki meşhur ýyldyzlardyr. Şunlukda, Teýlor Swift ilkinji 10-luga iň köp aýdymy giren zenan aýdymçy hökmünde adyny taryha altyn harplar bilen ýazdyrdy.

Awgust aýynda Meksikada başlajak “Eras” konsert tury halkara tapgyrynyň çäginde geljek ýylyň fewralyndan soň Ýaponiýadyr Awstraliýada hem-de Singapurda janköýerlerini begendirer.Ol geljek ýylyň 9-njy maýynda Parižde başlajak Ýewropa turunyň çäginde 26 ýerde konsert berer.

Diňe Angliýada 7 ýerde konsert berjek Swift Dublin, Amsterdam, Sürih, Milan, Gelsenkirhen, Hamburg, Münhen, Warşawa hem-de Wena şäherlerinde özüniň iň gowy aýdymlary bilen çykyş eder.Onuň Ýewropadaky konsert tury geljek ýylyň awgustynda Londondaky “Wembley” stadionyndan tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Teýlor Swiftiň konserti iň köp girdejili bolup biler
Ýylyň adamy saýlandy
Taryhy ýeňişleriň başlangyjy ilkinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1974)
Meşhur aktwist barada täze film
Teýlor Swift milliarderler boldy
9 ýyl ozalky albomy gaýtadan ýaýradylan Swift öz rekordyny täzeledi