Iň köp satylan oýun belli boldy

Taryhda iň köp satylan wideoýun “Minecraft” oýnudyr.Döredilenine 16 ýyl bolan bu oýunyň bütin dünýäde oýunçylar tarapyndan 350 milliondan gowrak nusgasy satyn alyndy.Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda bellenilýär.

Bu oýun ilkibaşda 2009-njy ýylda mugt synag nusgasy hökmünde çykypdy. 2011-nji ýylda bolsa resmi ýagdaýda tanyşdyryldy. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda eýýäm onuň satuwy 300 mln nusgadan geçdi.

Bu oýnuň ekranlaşdyrylmagy-da üstünlikli boldy. “Minecraft kinoda” filmi Warner Bros studiýasynyň iň girdejili eseri boldy.Kinonyň dünýädäki kassa ýygymy 950 mln dollardan geçdi. Şunlukda, bu girdejiden ruhlanan Warner Bros bu meşhur filmiň dowamyny hem düşürmek kararlaşdyryldy.

Täze filmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 23-nji iýulynda görkeziler.

Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Baş keşpde Robert Pattinson bilen “Betmeniň” treýleri çykdy
Disney 2021-nji ýylda filmleri gibrid çykarmakdan ýüz öwürdi
Janpena ýene surata düşüriler
Kristofer Nolan atom bombasyny dörediji barada film surata düşürmekçi bolýar
"Matrisanyň" dördünji bölüminiň tizeri paýlaşyldy
Warner Bros. kompaniýasy “Matrisanyň” täze bölüminiň adyny resmi taýdan mälim etdi