Disney 2021-nji ýylda filmleri gibrid çykarmakdan ýüz öwürdi

Disney 2021-nji ýylda filmleri gibrid çykarmakdan ýüz öwürdi

Disney 2021-nji ýyldaky filmlerini uly ekranlara çykarýar. Studiýa indi filmlerini bir wagtyň özünde hem kinoteatrlarda, hem Disney+ striminginde çykarmak bilen tejribe geçirmezlik kararyna geldi. Bu barada kinobugle.ru habar berýär.

Eksklýuziw teatr prokatyna şular eýe bolar: “Iň soňky duel” (15 oktýabr), “Düzelmeýän Ron” (22 oktýabr), “Ebediler” (5 noýabr), “Enkanto” (24 noýabr), “Westsaýd taryhy” (10 dekabr), “King’s Man: Başlangyç” (22 dekabr).

“Enkanto” kinozallarda 30 gün, galan taslamalar azyndan 45 gün bolar. Eger-de haýsydyr bir film ep-esli maliýe netijesini görkezse, onuň kino prokaty uzaldylyp bilner. Soňra ähli taslamalar Disney+ strimingine göçüriler.

Pandemiýa we kinoteatrlaryň ýapylmagy sebäpli, köp filmler kinoda görkezilmän, akym hyzmatlarynda çykaryldy. Munda ilkinji bolup Warner Bros. studiýasy çykyş etdi, ol 2021-nji ýyldaky ähli kartinalarynyň bir wagtyň özünde hem HBO Max striminginde, hem işleýän kinoteatrlarda çykjakdygyny habar berdi. Studiýa häzire çenli şeýle strategiýada saklanýar.

Disney hem birnäçe filmleri garyşyk shemada çykardy, ýöne şeýle çykaryş modelini esas edip almakdan saklandy.

Ýene degişli makalalar

Disney we Sony rus prokatyna deňeçer importyň ýoly bilen dolanmak isleýärler
“Söýgi we kepderiler” gaýtadan prokata goýberiler
Netflix 300 işgärini işden çykarýar
Ýylyň iň köp girdeji gazanan 10 filmi
Hepdäniň täze animasiýalary
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri