Netflix 300 işgärini işden çykarýar

Netflix 300 işgärini işden çykarýar

Netflix abunaçylaryň sanynyň ep-esli azalmagy we netijede, kompaniýanyň girdejileriniň hem-de onuň paýnamalarynyň bahasynyň peselmegi sebäpli 300 iş ornuny kemeldýär. Bu barada Euronews habar berýär.

Bu eýýäm ikinji gezek bolýar: maý aýynda 150 işgär işden çykarylypdy. Şu ýylyň birinji çärýeginiň ahyrynda striming hyzmaty 200 müň abonentini ýitirdi, ikinji çärýekde bolsa ýene 2 millionyny ýitirer diýlip çaklanylýar. Ýolbaşçylyk muny bäsdeşligiň ýokarlanmagy we ulanyjylaryň akkauntlardan paroly köpçülikleýin paýlaşmagy bilen baglanyşdyrýar.

Analitikler esasy sebäp hökmünde mazmuny döretmek üçin bölünip aýrylan býujeti ýokarlandyrmak maksady bilen abonent töleginiň ep-esli ýokarlanmagyny belleýärler.Netflix öz filmlerine we seriallaryna elýeterlilik üçin her aý müşderilerden 15,50 ABŞ dollary alýar.

Wideony has ýokary durulykda (UHD/4K) görmek hyzmaty goşmaça tölege hödürlenilýär.Kompaniýanyň esasy bäsdeşleri bolan Amazon Prime Video-da, HBO Max-da we Disney Plus-da ortaça bahalar pesdir.

Internet ägirdiniň menejmenti ýitgileriň öwezini dolmak üçin hyzmata mahabatlary goşmak mümkinçiligini gözden geçirýär we abuna üçin tölegiň azaldylmagynyň mümkindigini hem ret etmeýär.

Ýene degişli makalalar

“Netflix”-iň abunaçylary artýar
Abunaçylarynyň sany artdy
BTS Disney üçin topar barada dokumental serialyň üstünde işleýär
Jonni Deppiň Karib deňziniň garakçylaryna dolanyp barmagy mümkin
Samsung smartfonlaryny indi özbaşdak bejerip bolýar
Xiaomi 200-Mp-lik Samsung kameraly smartfon çykarar