BTS Disney üçin topar barada dokumental serialyň üstünde işleýär

BTS Disney üçin topar barada dokumental serialyň üstünde işleýär

Günorta Koreýanyň BTS topary Disney kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda birnäçe taslamany işläp taýýarlady. Bu barada “Deadline” neşiri ýazýar. Muny Regnum habarlar agentligi ýetirýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, taslamalaryň sanawyna “BTS Monuments: Beyond The Star” ady bilen topar barada dokumental serial, şeýle-de “BTS: Permission To Dance On Stage LA” film-konserti girdi.BTS-niň kompaniýasy Hybe bilen The Walt Disney Asia Pacific bölümçesiniň arasyndaky şertnamanyň şertlerine laýyklykda, mazmun Disney-iň global akym serwislerinde, şol sanda Disney Plus-da görkeziler. Öň, BTS topary karýerasynda arakesme edýändigini habar berdi.

Toparyň agzalarynyň aýtmagyna görä, olar solo taslamalaryna ünsi jemlemek isleýärler.

Ýene degişli makalalar

Netflix 300 işgärini işden çykarýar
Jonni Deppiň Karib deňziniň garakçylaryna dolanyp barmagy mümkin
Abunaçylarynyň sany artdy
“Netflix”-iň abunaçylary artýar
“Hollywood”-yň iň gadymy 2-nji studiýasy “Skydance Media” bilen birleşýär
Iň şöhleli smartfonlaryň sanawy neşir edildi