Iň meşhur sanly nusgawy kitap boldy

Lew Tolstoýyň “Uruş we parahatçylyk” romany soňky bir ýylda nusgawy edebiýatyň iň meşhur eserine öwrüldi. Bu barada “Litres” kitap hyzmaty merkeziniň metbugat gullugy habar berdi.

“Litres” kitap hyzmaty merkeziniň hünärmenleri 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 2023-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli aralykda mugt göçürip almagyň we kitap satuwynyň umumy sanyny seljerdiler. Seljeriş üçin rus we sowet nusgawy ýazyjylarynyň eserler toplandy. Her bir eseriň elektron we ses formatlaryndaky ähli wersiýalary hasaba alyndy.

Lew Tolstoýyň “Uruş we parahatçylyk” epopeýa romany jedelsiz lider diýlip atlandyryldy. Çünki ol 74 müň gezek göçürilip alnan eken. Ikinji orny eýelän Fýodor Dostoýewskiniň “Jenaýat we jeza” atly ölmez-ýitmez romany 64 müň gezek göçürilip alnypdyr. Ilkinji üçlüge Lew Tolstoýyň meşhur “Anna Karenina” eseri birigip, 62 müň gezek göçürilip alnypdyr.

Şeýle hem iň meşhur 10 nusgawy kitaplaryň sanawyna Bulgakowyň “Morfiý” atly hekaýalar ýygyndysy, Dostoýewskiniň “Tentek” hem-de “Doganlar Karamazowlar” romanlary, Zamýatiniň “Biz” romany, I. Ilf we E. Petrowyň “Bir gatly Amerika. Hekaýalar” eseri, Puşkiniň “Kapitanyň gyzy” romany we Gogolyň “Öli janlar” romany girdi.

Ýene degişli makalalar

Tolstoýyň doglan gününiň 200 ýyllygy bellener
“Netflix”-iň täze serialy “Anna Karenina”
Halaýan ýazyjy-şahyrlaryny mälim etdiler  
Taryhda şu gün
Gazaklaryň tanymal şahyry we pikirzadasy Abaý Kunanbaý
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (2-nji bölüm)