Iň tygşytly koreýaly zenan iki ýylda 75 müň dollar toplady

Iň tygşytly koreýaly zenan iki ýylda 75 müň dollar toplady

Günorta Koreýadan Ji Hen Kwak atly zenan iki ýylda 75 müň dollar toplamagy başardy diýip, Oddity Central neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

24 ýaşly zenanyň gürrüň bermegine görä, ol aýda iýmite 6 dollar sarp edýär hem-de arzanlaşyk kuponlaryndan peýdalanýar. Onsoňam ol dükandan agyz suwuny satyn almaýar, suwy özi gaýnadyp içýär.

Koreýaly zenan dellekhana gitmeýär, saçyny özi gyrkýar, mugt egin-eşikleri ýörite haýyr-sahawat toplumlaryndan alýar.

Tygşytçyl zenanyň durmuşy köp adamyň ünsüni çekdi, adamlar zenanyň durmuşyny internetden yzarlap, onuň maslahatlaryna eýerýärler.

Ýene degişli makalalar

Dubaýda ýylda 260 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili gurlar
Familiýasyny 20 gezek üýtgeden russiýaly aradan çykdy
Ösen ýurtlaryň döwlet bergileri 15 ýylda iki esse artdy
Bananyň dünýä nyrhlary gymmatlar diýlip garaşylýar
Hytaýda Kommunistik partiýanyň ygtyýarlylyklaryny artdyrýan kanun kabul edildi
Ýolagçy uçary uçarmanlaryň uklamagy sebäpli ugruny ýitirdi