Iň ýaş 3-nji çempion

Dünýäniň iň abraýly welosport ýaryşy bolan “Tur de Frans” (Tour de France) bäsleşiginde “Ineos” (ozalky “Sky”) toparynyň kolumbiýaly türgeni Egan Bernal ýeňiş gazandy.Ol 3349 kilometrlik ýoly 82 sagat 57 minutda tamamlap, karýerasyndaky ilkinji “Gran Tur” ýeňşini baýram etdi. 19-njy tapgyrda sary köýnekçäni geýen Bernal Fransiýa welosport ýaryşynda ýeňiş gazanan ilkinji kolumbiýaly türgen boldy.

Galyberse-de 22 ýaşyndaky Bernal soňky 110 ýylda “Tur de Fransda” çempion bolan iň ýaş türgen diýen ady eýeledi. 22 ýaşyny dolduryp, 196 gün alan Bernal umumylykda bu ýaryşda ýeňiji bolan iň ýaş 3-nji türgendir.

Bu ugurda 1904-nji ýyldaky ýaryşyň ýeňijisi Henri Korne (19 ýaş 355 gün) bilen 1909-njy ýyldaky bäsleşikde çempion bolan Fransua Faber (22 ýaş 187 gün) öňde barýar. Şeýle-de 106-njy sapar geçirilen “Tur de Frans” ýaryşynda soňky 8 ýylda 7-nji gezek ozalky “Sky”, häzirki “Ineos” toparynyň türgeni ýeňiş gazandy.

Bernal ýeke tapgyrda-da ýeňiji bolman, ol ýaryşyň taryhynda şeýle netije bilen çempionlyk gazanan 8-nji türgen boldy.Ýeňiji Bernaldan 1 minut 11 sekunt yza galan topardaşy, geçen ýylyň ýeňijisi britaniýaly Geraýnt Tomas 2-nji, 1 minut 31 sekunt soň pellehana gelen “Jumbo-Visma” toparyndan gollandiýaly Stewen Kruiýswiýk 3-nji ýeri eýeledi.Egan Bernal ýaşlaryň arasyndaky bäsleşigiň hem ýeňijisi bolup, ol dag bäsleşiklerinde fransiýaly Roman Bardeden (AG2R La Mondiale) soň 2-nji orna mynasyp boldy.

Utuk toplamakda slowakiýaly Peter Sagan (Bora-Hangsgrohe) ýeňiş gazandy.Toparlaryň arasynda bolsa, “Movistar” ep-esli aratapawut bilen öňe saýlandy (248 sagat 51 minut 15 sekunt).Meşhur topardan 47 minut 54 sekunt az netije görkezen “Trek-Segafredo” topary 2-nji, “Ineos” 3-nji ýeri eýeledi.1903-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän “Tur de Frans” ýaryşynda fransiýaly Žak Anketil bilen Bernar Ino, belgiýaly Eddi Merks hem-de ispaniýaly Migel Indurain dagy iň köp çempion bolan türgenlerdir.

Olar 5 gezek ýeňiş gazandylar. 4 çempionlygy bolan britaniýaly Kris Frum 20152017-nji ýyllarda yzly-yzyna 3 çempionlyk gazanypdy.Ol şikesi sebäpli bu ýyl gatnaşmady. Şu ýyl 106-njy sapar geçirilen ýaryşa 22 topardan 180 töweregi türgen gatnaşdy. “Tur de Frans” ýaryşlary 12-nji Jahan urşy ýyllarynda geçirilmedi. Şeýle-de 19992005-nji ýyllar aralygynda ýaryşlarda doping ulanandygy sebäpli, amerikaly Lans Armstrongyň gazanan 7 çempionlygy hasaba alynmady.

Ýene degişli makalalar

Iň köp tomaşa edilen Dünýä Kubogy
Dünýäniň iň gymmat transferi tölegsiz gidip biler
Makron: "Eýranda tussag edilen 2 fransuz azat edildi" diýdi
Pýotr Welikiý gämisiniň gezelenjiniň ugry Türkmenistany öz içine alar, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabyna häkim bellenildi, Halkara Nebit we gaz uniwersitetinde açyk gapylar günleri geçiriler we beýleki habarlar
"Louis Vuitton" brendiniň eýesi ýene-de dünýäniň iň baý adamy
Mask dünýäniň iň baý adamlaryň sanawyndaky ornuny gaýdyp aldy