Iň ýaş çempion

Dünýä Ralli çempionatynda möwsümiň tamamlanmagyna 2 ýaryş galanda 2022-nji ýylyň çempiony belli boldy.Möwsümiň 11-nji ýaryşy Täze Zelandiýada geçilip, ýaryşda 17 tapgyrdan ybarat bolan 279,80 kilometrlik ýaryşda sanawyň lideri, “Toyota Gazoo” toparynyň fin sürüjisi Kalle Rowanpera ýeňiş gazandy. 2 sagat 48 minut 01,4 sekuntda pellehana gelen Rowanpera utugyny 237-ä çykardy we karýerasy boýunça ilkinji gezek çempion bolmagy başardy. 1-nji oktýabrda 22 ýaşyny dolduran Rowanpera Dünýä Ralli çempionatynyň taryhynda çempionlyk gazanan iň ýaş sürüji boldy (doglan gününden 1 gün soň çempionlyk gazandy).

Bu ugurda ozalky rekord britaniýaly Kollin MakReýe degişlidi.Merhum sürüji 1995-nji ýylda 27 ýaşynda çempion bolupdy. Şeýle-de, Rowanpera soňky 20 ýylda çempionlyk gazanan ilkinji, umumylykda 8-nji finlýandiýaly sürüjidir.

Galyberse-de, Rowanpera Dünýä Ralli çempionatynda çempionlyk gazanan 21-nji sürüji hökmünde hasaba alyndy.

Kaller Rowanpera (sagda) kömekçi pilot Ýonne Halttunen (çepde) 1-njilik kubogyny göterýär.

Täze Zelandiýa rallisini fransiýaly Sebastian Ožie (“Toyota Gazoo”) 2-nji, estoniýaly Ott Tanak (“Hyundai Shell Mobis”) 3-nji ýerde tamamlady.

Möwsümiň indiki ýaryşy 20-23-nji oktýabr aralygynda Ispaniýada (Kataluniýa) geçiriler.

Ýene degişli makalalar

“Toyotalylara” Ýaponiýada taý tapylmady
2-nji ýeri eýelese-de, çempionlyk gazandy
Birinji orna çykaran ýeňiş
“Toyotalylara” taý tapylmady
Belgiýada belgiýaly sürüji ýeňiş gazandy
Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihat goşgularyna bagyşlanan Bagşy joşa gelende atly gepleşik