“Toyotalylara” Ýaponiýada taý tapylmady

Dünýä Ralli çempionatynda möwsümiň iň soňky, 13-nji ýaryşy Ýaponiýanyň Çubu regionynda geçirildi. “Toyota” stadionyndan başlana 22 tapgyrdan ybarat bolan ýaryşda 304,66 kilometr aralygy “Toyota Gazoo” toparynyň britaniýaly sürüjisi Elfin Ewans 1-nji orunda tamamlady. 3 sagt 32 minut 08,8 sekuntda pellehana gelen Ewans karýerasy boýunça 8-nji ýeňşini gazandy. Ýaryşda 2-nji ýere “Toyota Gazoo” toparynyň başga bir sürüjisi, fransiýaly Sebastian Ožie, 3-nji orna-da çempionlygyny öň yglan eden finlýandiýaly Kalle Rowanpera mynasyp boldy. Şunlukda, “Toyota Gazoo” topary öz ýurdunda münberiň 3 ornuny hem eýeledi.

51-nji gezek geçirilen Dünýä Ralli çempionatynda “Toyota Gazoo” toparynyň finlandiýaly sürüjisi 250 utuk toplap, bassyr 2-nji çempionlygyny gazandy. Elfin Ewansyň 2-nji ýeri eýelän möwsüminde belgiýaly Tierri Noýwill (“Hyundai Shell Mobis”) 3-nji orna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

“Toyotalylara” taý tapylmady
2-nji ýeri eýelese-de, çempionlyk gazandy
Belgiýada belgiýaly sürüji ýeňiş gazandy
Birinji orna çykaran ýeňiş
“Toyota”-nyň sürüjisi “Hyundai”-niň sürüjisinden öňe saýlandy
50-nji ýeňşi