Indi Türkmenistanda otly peteklerini 15 gün öňünden satyn almak mümkin

Indi Türkmenistanda otly peteklerini 15 gün öňünden satyn almak mümkin

Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi web sahypasynda bellenişine görä, Türkmenistanda otly petekleriniň satuwynyň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Has takygy, 2022-nji ýylyň 16-njy dekabryndan başlap, otly petekleri 15 gün öňünden onlaýn görnüşinde satuwa goýuldy.

Mundan ozal otly petekleri 5 gün öňünden satylýardy.

Türkmenistanda onlaýn petek satuw hyzmaty 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyndan bäri hereket edýär. Ýolagçy otly peteklerini Türkmendemirýollary agentliginiň resmi web sahypasyndan hem-de onuň iPhone, Android ulgamlary üçin elýeterli bolan mobil goşundylary arkaly satyn alyp bilersiňiz. Petekler üçin tölegi bank kartlarynyň üsti bilen geçirip bolýar.

Petekler onlaýn satyn alnanda ilki gidýän-barýan welaýatyňyzy, şäheriňizi, ugramaly senäňizi saýlamaly. Ýolagçynyň şahsy maglumatlaryny girizip, telefon belgiňize gelen kod bilen tölegi tassyklap, petegiňizi ýükläp bilersiňiz.

Häzirki wagtda hereket edýän ýolagçy gatnawynyň meýilnamasy bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Tejeniň otly menzilinden kowulýan azyk söwdagärleri Duşak şäherçesine süýşýär
Baýramçylygyň öň ýany, içerki gatnawlara agram düşýär, sebitara hereket başagaýlyga sezewar bolýar
Transport kynçylyklary: Ýolagçylar otlularyň hajathanalarynda sapar etmeli bolýar
Arkadag şäherinde ilkinji akylly demirýol menzili gurlar
“Demirýollary” ýolagçy otly gatnawlarynda täze hyzmatyny işe girizýär
Demirýollary AGPJ täze hyzmaty Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär
Türkmenistanlylar demir ýollaryň çat açan böleklerine alada bildirýär