Indoneziýa G20 sammitini geçirer

Şu ýylyň noýabr aýynda “Uly ýigrimilige” agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň 17-nji sammiti Indoneziýanyň Bali adasynda geçiriler.Bu sammite Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin gatnaşar diýip Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo mälim etdi.

Golaýda Kremliň metbugat gullugy Putiniň Widodo bilen Russiýa-Indoneziýa hyzmatdaşlygy we G20 sammitiniň işiniň dürli taraplary barada pikir alyşandygyny habar berdi.Indoneziýanyň başlangyjy bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde taraplar mundan beýläkki gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary barada özara pikir alyşdylar.

“Jakarta sammite gatnaşyjy ýurtlardan we halkara guramalardan G20 sammitine köp sanly wekilleriň gelmegine garaşýar” diýlip, Indoneziýanyň daşary işler ministrliginiň beýanatynda bellenildi. Indoneziýanyň G20 sammitine başlyklygy geçen ýylyň oktýabr aýynda Italiýada geçirilen sammitde mälim edilipdi. Bu sammit Germaniýanyň täze Kansleri Olaf Şols üçin ilkinji boljakdygy habar berilýär.

Tutuşlygyna alanyňda, G20 jemi içerki önümiň 85%-ini, dünýä söwdasynyň 75%-ini (Ýewropa Bileleşiginiň içerki söwdasyny hem goşmak bilen) we dünýä ilatynyň üçden iki bölegini emele getirýär. 1999-njy ýylda esaslandyrylan bu Halkara guramasynyň maslahatynda esasan, halkara maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ýewropa Bileleşigine Ýewropa Komissiýasynyň başlygy we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti wekilçilik edýär. Mundan başga-da, G20-iň ýygnaklaryna, adatça, Maliýe durnuklylygy geňeşi, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä söwda guramasy, Afrika Bileleşigi, ASEAN, Birleşen Milletler Guramasy we Bütindünýä Banky ýaly dürli halkara guramalaryň wekilleri gatnaşýar.

Uly ýigrimiligiň düzümine Awstraliýa, Argentina, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Italiýa, Kanada, Hytaý, Meksika, Russiýa, Saud Arabystany, ABŞ, Türkiýe, Fransiýa, Günorta Koreýa, Günorta Afrika Respublikasy, Ýaponiýa we Ýewropa Bileleşigi ýaly ykdysadyýeti has ösen we ösýän ýurtlar girýär.

Ýene degişli makalalar

Iň insiz myhmanhana
Ýolagçy uçary uçarmanlaryň uklamagy sebäpli ugruny ýitirdi
Indoneziýada Prezident saýlawlary geçýär
Ýylyň iň gülkünç fotosuratlary
TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş Indoneziýada Saparda Bolýar.
Indoneziýada tüwi üçin uzyn nobat döredi