Iňlis kluby PSŽ-niň futbolçysyny transfer etdi

Angliýanyň Premier Ligasynyň wekili Wulwerhempton topary PSŽ-niň ispaniýaly ýarymgoragçysy Pablo Sarabiýany düzümine goşdy.Iňlis kluby 30 ýaşyndaky oýunçy bilen 2,5 ýyllyk şertnama baglaşdy.Sarabiýanyň transferi üçin Wulwerhempton topary PSŽ toparyna 5 million ýewro berer.

Geçen möwsümde Sportingde 45 oýunda 21 gol geçiren Sarabiýa şu möwsümiň ilkinji ýarymynda PSŽ-de 14 duşuşykda meýdança çykdy.Real Madridiň ýaşlar düzüminde futbola başlan Sarabiýa Hetafe, Sewilýa klublarynda-da oýnapdy.

Ýene degişli makalalar

“Barselona” 10 oýunda 33 gol geçirdi
Soňky 53 ýylda ilkinji gezek
Türkmen talyby halkara bäsleşikde üstünlik gazandy
Daniil Medwedew indiki hepdeden dünýäniň birinji raketkasy bolar
Pikassonyň eseri BMG gaýtarylyp berildi
Daniil Medwedew ATP Cup-yň taryhynda ýeňiş sany boýunça iň gowy oýunçy boldy