Daniil Medwedew indiki hepdeden dünýäniň birinji raketkasy bolar

Daniil Medwedew indiki hepdeden dünýäniň birinji raketkasy bolar

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew dünýäniň birinji raketkasy bolar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

24-nji fewralda Meksikanyň Akapulko şäherinde çykyş edýän Medwedew ispaniýaly Pablo Anduharadan üstün çykdy.Russiýaly türgen 6:1, 6:2 hasap bilen üstün çykdy we çärýek finala çykdy. 24-nji fewralda şeýle hem Professional tennisçileriň assosiasiýasyny (ATP) reýtinginde birinji duran tennisçi Nowak Jokowiç Dubaýda ATP-500 kategoriýa ýaryşynda ýeňildi.

Serbiýaly türgen çehiýaly Irži Weselydan asgyn geldi. Şeýlelikde, Medwedew 8525 utuk toplap, Jokowiçden öňe geçdi.Serbiýaly türgeniň hasabynda 8465 utuk bar.Täzelenen reýting 28-nji fewralda elýeterli bolar.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň birinji raketkasy Medwedew Meksikadaky ýaryşda ýeňiş gazandy
Dünýäniň birinji raketkasy ady ugrunda Alkaras bilen Ruud göreşer
Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy