Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda dabaraly maslahat we dünýä halklarynyň naýbaşy tagamlarynyň sergisi geçirildi

Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda dabaraly maslahat we dünýä halklarynyň naýbaşy tagamlarynyň sergisi geçirildi

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Dostluga çagyrýar sagy hem soly, Arkadag Serdarly, Gahryman ýoly

atly dabaraly maslahat we dünýä halklarynyň naýbaşy tagamlarynyň sergisi geçirildi. Çäre Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy.

Dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ýurduň diplomatik gullugynyň weteranlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda türkmen Bitaraplygynyň taryhy, sebit we halkara derejedäki ähmiýeti, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan üstünlikli içeri we daşary syýasatynyň häzirki zaman ähmiýeti barada giňişleýin gürrüňler edildi.

Şanly sene mynasybetli institutyň mejlisler jaýynda aýdym-sazly dabara hem ýaýbaňlandyryldy. Onda ýurduň sungat ussatlary bilen bir hatarda buýsançly aýdym-sazlardyr tanslar hem-de çeper kompozisiýa bilen talyp ýaşlar hem çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda talyp ýaşlaryň guramagynda dünýä halklarynyň naýbaşy tagamlarynyň sergisi-de geçirildi. Bu sergi türkmen ýaşlarynyň dünýä halklarynyň medeniýeti bilen has ýakyndan tanyşmaklaryna mümkinçilik döretdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar we maslahatlar geçiriler
Kino sungatynyň baýramy
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda göçme sergi gurnaldy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Wena baly türkmen-awstriýa medeni hyzmatdaşlygynyň köprüsi