Kino sungatynyň baýramy

Kino sungatyň aýratyn ugry bolmak bilen, ol medeniýetiň beýleki ugurlary ýaly möhüm hem zerur hasaplanýar.Kino sungatyň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda durmuşa has ýakynlygy bilen tapawutlanýar. Çünki kino janlandyrylýan keşp, ömür diýmegi aňladýar.

Ol islendik wakany tomaşaçynyň gözüniň öňünde janlanar ýaly edip görkezip bilýär.Kinonyň sungat hökmünde esasy aýratynlygy ynsan durmuşyny hakykata has ýakyn açyp görkezip, adamlaryň duýgusyna ýiti täsir edip bilmäge ukyply bolmagy bilen baglydyr.

Häzirki wagtda kino sungaty täze ösüşleriň menziline gadam basdy. Ýurdumyzyň kino sungatyny has-da belende götermek, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak maksady bilen kinofestiwallar yzygiderli geçirilýär.Golaýda ýurdumyzyň ilkinji akylly şäheri bolan Arkadag şäherinde Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwaly geçirildi.

Bu festiwala gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň aktýorlary, režissýorlary, kino we teatr artistleri, prodýuserleri geldiler.

Türkiýeden we Fransiýadan gelen kino ýyldyzlary ýurdumyzda şeýle kinofestiwallaryň geçirilmeginiň tomaşaçylaryň kinofilmlere ýokary gyzyklanmasyny görkezendigini we goňşy döwletleriň kinematograflary bilen özara tejribe alyşmaga mümkinçilik döredendigini nygtadylar.

Halkara çärä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Özbegistanyň Kinematografiýa agentliginiň režissýory Dilşodbek Usmanow, Russia Today teleýaýlymynyň habarçysy we režissýory Ýelena Norkunaýte, film tankytçysy Ihsan Nurullah Kabil, režissýor Israfil Kuralaý, Bozdag Film kinokompaniýasynyň esaslandyryjysy Mehmet Bozdag, türk kino ýyldyzlary Burak Özçiwit, Özjan Çagry Şensoý, Fatih Aýhan, Ýigit Uçan, Murat Bonjukçu, Monde et Media fransuz kompaniýasynyň artisti Eduar Montut hem-de prodýuseri Žan-Mari Laronz bar.

Olar ýurdumyzda bolup, türkmen halkynyň myhmansöýerligi bilen garşylandylar.

Ýurdumyzyň kino sungaty hem bu festiwalda mynasyp wekilçilik etdi. Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň Gyzyl kürte, Wada, Daragt, Ýaşlar, Kämillige ýol atly filmleri köp sanly tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.

Festiwalda Gazagystanyň Gopuz, Täjigistanyň Sary çeşme, Türkmenistanyň Toý köýnek, Umyt, Nesibe, Özbegistanyň Üzüm, Meniň arzuwym Özbegistan, Gyrgyzystanyň Umut, Öz kakasynyň ogly, Poçtaçy, Russiýanyň Ahalteke atly filmleri, şeýle hem TRT teleýaýlymynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkiýäniň Bozdag Group kompaniýasy diplomlara, gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldy.

Bilal MEREDOW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmen filmi halkara kinofestiwalda 1-nji orny eýeledi
Arkadag şäherinde Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwaly geçirildi
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy
Kagyza ýazylan ykbal kuboga mynasyp boldy
TRT 23-nji aprel Çagalar festiwaly giňden belenilip geçilýär
Mehmet Şimşek: "Türkiyäniň ykdysadyýeti ynam döredýär" diýdi